Gurgenchli
06.07.2022 21:05
Jübide 200-300 manatdan kän pul bolsa ganat däl elbetde, ýöne pohodkany gowy üýtgedýär.

Telewizor görüp test etmek ýaly işe girsem. Şol wagt diwanda otyryp, täze diwanlaryda test etsem. Iki stwaka eşek ýaly işlärdim.

5-6 ýyllap söyüşüp öylenmän gezýänleriňki şeýle öýtýän: "Bagyşla ezizim, şu wagt wagtym ýok, belki senden gowusy duşmagy mümkin diýip garaşyp ýörün".

Durmuş - maňa iki sany sapak berdi. Birinjisi eýýäm ýadymda ýok, ikinjisi - ähli zady indi ýazyp belläp goýmaly.

Tebigat adamlaryň kemçilikleriniň öwezini hemişe doljak bolýar. Meselem, körler gowy eşidýärler, kerler uzakdanam gowy görýärler. Beynisizler bolsa islendik temada jedel edýärler.

Bir erkek işden öyüne barýar, yolda gurbaga dur. Ol adam sesi bilen:
— Meni ýanyňa al — diýdi
Erkek yüzüni çytyp ýanynda aldy. Öyüne getirdi, nahar berdi. Gurbaga ýene-de:
—Meni-de yatýan düşegiňe al.
Erkek öz düşegine aldy.
—Indi meni ogşa!
Erkek ogşady welin, ol gurbaga ekizler Double moodaky ýaly owadan zenana öwrüldi.
Şol wagtam gapydan erkegiň işden gelen aýaly girdi, ýöne erkekgiň bu ertekisine ynanasy gelmedi.
Kynaý blýät erkekleriň durmuşy.

"Bolanok" - sözi diňe etjek işini sorap edýänler eşidýändir.

Geliniň bilen jedel etmek - bu aýy awlan ýaly. Eger-de bir sözde faktlar bilen ýerine otyrdyp bilmeseň, boldy, başyňy eliňe alyp öýden gaç!

Uzagy pikir edýän är hiç wagt göni uzak yola gidenokdyr. Ol başda heleýini we çagalaryny şäheriň mikraýonlaryna maşynda aýlaýar, olar öyde ýene näme ýadyndan çykaranlaryny ýatlar ýaly.

Gyzlar! Haýyş edýäris, surada düşeniňizde biz ýaly görünjek bolmaň. Bu biziň biologiki görnüşimizi kemsidýär.
Size hormat bilen, Ördekler!

@gara_gujuk.
9
132
guli_
7 Iýul 2022
IDEALLIDER,hehe yokla tm bolon soň tanayanla menm
ideallider
7 Iýul 2022
Guli_, men amerikoslardyr öýdüpdim. Ok. Bulam bir bildigim bolar👍
guli_
7 Iýul 2022
IDEALLIDER,Hovva menm sony diyyanda model tm
ideallider
7 Iýul 2022
Guli_, asyl olar tm ekenä. Halamadym😒
guli_
7 Iýul 2022
IDEALLIDER,Double mood dp yaz cykya
ideallider
7 Iýul 2022
Guli_, google näme diýip ýazmaly!? Göni "Double moo" diýip ýazsama marožna maşyn çykýa😒
guli_
7 Iýul 2022
IDEALLIDER,Yok yok model asyl olar owadanja ekizek suratlarynt gorsen tanarsynamla
ideallider
7 Iýul 2022
Guli_, tipa ol beýleki temada😌👍
guli_
7 Iýul 2022
IDEALLIDER, Model gyz iki sany bara ekizek
ideallider
7 Iýul 2022
Guli_, näme zadaý ol!?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.