awesome
06.07.2022 20:48
DIRI WAGTY AÝDYŇ, DIRIKÄ SYLAŇ…

Biziň çagalygymyzda bar ýokdy, ýok bardy. Gytlyk-ýokluk wagtlarydy. Näme islesek ýok. Ene-atama jynsy alyp beräý diýýän “ýok diýýär. Oýunjak alyp beräý diýýäň “özüň ýasa” diýýär. Men mydama oýunjaklarymy palçykdan ýasadym. Kakamyň kastýumynynyň jübüsindäki işligini kesip alyp, içini pagta bilen dolduryp, pökgi ýasap oýnaýardym. Gyz jigimem öz oýunjaklaryny özi tikýärdi. Şoň üçin bir zadyň gadyryny bilmegi biz çagalykdan öwrendik. Bir gün kakam bize: “Size jynsy alyp bereýinmi?”-diýdi. Bizem begençden uçaýjak bolup “Hawa” diýdik. Soň kakam bazara gitdi.
Biz 3 dogan (2 oglan, 1 gyz) bolup obaň çetindäki kakamyň geljek duralgasynyň ýanyna gidip, iki elimizi eňegimize degirip garaşyp oturdyk. Onsaň arzuw edip başladyk.
-Bää bizem oba sowediň oglunyňky ýaly jynsy geýersmikäk?
Men 3-nji synpa gidýärdim. Gyz jigim 1-nji synpa gidýär. Kiçi jigimiz Rasim bolsa 6 ýaşyndady.
Rasim maňa garap: “Seniň jynsyň haýsy reňk bolar?”-diýdi. Menem “Gara” diýdim. Olam özüniňkiň gök reňkde bolmagyny isleýändigini we özüniňkiň has owadan boljagyny aýdyp gomparyp başlady. Soňam ýene ýüzüme bakyp: “Kakam şäherlileriňki ýaly köwüşem alarmyka?!”-diýdi. Menem “Ýok, almaz. Alsa-da galoş alar”-diýdim.
Ahyry marşurutka geldi. Kakam düşdi, bile öýe geldik. Öýe gelip, paketleri açyşdyryp başlady kakam. Maňa gara jynsy, gara köýnek we galoş alypdyr. Gyz jigime-de edil şolar ýaly. Uly höwes bilen garaşan oglan jigim, paketleri täzeden açyşdyryp barlady, emma özüne zat tapmady. Soňam naýynjar bakyşlary bilen kakama garap “Kaka, hany maňa?”-diýdi. Kakam: “Oglum saňa indiki gezek gidemde aljak”-diýdi. Jigim: “Emma men garaşypdym”diýip aglap-aglap öýden çykyp gitdi. Kakamyň gözlerinden ýaş akdy. Agşam naharda hiç kimden ses çykmady. Diňe Rasimiň hyçkyra-hyçkyra aglaýan sesi gelýärdi. Ertesi okuwa gitdim. Gelemde jigim öňümden çykyp: “Aýý saňa nähili gowy gelşipdir. Bir gezejik geýip göräýin-dä”-diýdi. Men “Bolmaz, hapalarsyň”-diýdim. 2-nji gün ýalbardy, bermedim. 3-nji gün ýalbardy bermedim. Gysylýardym. Köwüşimem ýatamda ýassygymyň ýanynda goýup ýatýardym. 4-nji gün ýene “Saňa gowy gelişýär, belki men geýsem maňa-da gowy gelişer. Haýyş geýip göräýin” diýdi. Menem “Saňa uly bolar” diýdim. “Aşagyny epläp geýäýerin”-diýdi. Hapalarsyň diýsem, “keçäň üstünde geýäýerin. 5 minutjyk aýnaň öňünde geýip görsem bolýar”-diýdi. Ahyry razy boldum. “Ertir juma güni okuwdan gelemde 5 minut geýip göräý, emma hapalaýma”-diýdim. Olam “bolýar” diýdi. Agşamlyk ýerimize geçip ýatan wagtymyz, maňa eli bilen dürtüp: “Sözüňden dänen dälsiň-ä?!”-diýdi. Menem “Ýok, dänmedim”-diýdim. Soň özüniň uklap bilmeýändigini, ertire sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy. Ertesi juma güni ir bilen olam turup: “Bu gün okuwdan çykyp derrew gelgin. Men saňa gapyň öňünde garaşjak”-diýdi. Bolýar diýdim. Okuwa gitdim. 3-nji sagat gapy kakyldy, klasa direktor geldi. Mugallymymyzyň gulagyna bir zatlar pyşyrdap çykyp gitdi. Soň mugallym maňa “Ali seni kakaň çagyrýar. Sen öýňüze git”-diýdi. Menem içimden “Bu jynsy geýmek üçin, meni okuwdan kakama çagyrdýar” diýip pikir etdim. Okuwdan gaýtdym. Ýolda seretsem obadaşlarymyzam bize tarap gidýärler. Howla girdim, seretsem jigim ýok. Ol maňa şu ýerde garaşjakdygyny aýdypdy. Tutuş oba biziň howlymyza üýşen ýalydy. Seretsem ejem howlyň ortarasynda “Maňa Rasim oglumy beriň, maňa balamy beriň”-diýip aglap otyr. Asyl bir uly ýaşuly adam täze alan traktory bilen biziň jaýymyzyň gabadyndan geçip barýarka, jigimi görmän kakypdyr. Jigim traktoryň aşagynda galyp ölüpdir.
Men jigime jynsy geýdirjek günüm jigim öldi. Kakam söýgisiz ulalandygy üçin, bize söýgi bermedi. Bizi söýýärdi, emmä belli edenokdy. Bizi gujaklap bagryna basmady. Aýyp kabul edýärdi.
Ol gün jynazada öli ýuwulyp kepene goýulanda, kakam men aljak diýip, jigimi eline aldy we “Rasim men seni mazara däl, bazara äkidip jynsy aljakdym oglum. Hany tur, seň bilen bile bazara gideli”-diýip, aglap-aglap perýat edip ýöräp gitdi…
Käte oturyp-oturyp, käşgä diri wagty aýtsady, käşgä şol ilki soran güni jynsymy geýdirsedim diýýän.
Wagtyndan soň edilen perýadyň, wagtyndan soň görkezilen söýgiň peýdasy ýok. Ene-atasynda tapmaýan rahatlygy, söýgini, mähiri çagalar telefonda gözleýärler. Esasy zat, adam diri wagty, onuň gözleriniň içine seredip, söýýändigimizi aýdyp bilmekdir…

Bolan waka, Alişan Kapaklikaýa-nyň durmuşyndan ýazylan.


🍁🍁🍁

Kakam 52 ýaşynda ýürek keselinden öldi. Meniň kakama hiç hili pulum nesip etmedi. Iň bolmanda, bir tabak suwum nesip etsin diýip, jynazasyny men ýuwaýyn diýdim. Men obşagada galyp okuw okadym. Meniň kakam okuwdan gelemde meni aýak üstünde garşylaýardy. Ejemem meň iň halaýan naharlarymy bişirýärdi. Hat-da käbir naharlara gezegem ýetenokdy iýmekden. Ol gün meni kakam ilkinji gezek ýerde ýatyrka garşylady. Aýakda garşylamagyny şeýle bir isleýärdim. Emma bolmady. Kakamy ýatan ýerinde gujaklap: “Kaka tursana, men saňa pul getirdim”- diýdim. Turmady. Dyrnagymy geçirdim endamyna, çümmikledim, ýene turmady. Jynaza mylaýym suw bilen ýuwulýar, a men bolsa gaýnag suw dökdim bökip tursun diýip, emma turmady. Gurhan-da bir aýat bar bilýän bolsaňyz. Ene-ataňyz size seslenen wagty, sesiňize bat bermäň, gygyrmaň, uff diýmäň, tasanjyramaň diýilýär. Men kakama hijem gaty ses bilen gürlemedim. Emma ölüsine ezýet etdim direlsin diýip, ýöne direlmedi…


Alişan Kapaklıkaya.
7
87
Archi
7 Iýul 2022
Bolýa...."BÄGÜL" çekeleşlene tema ýokmy ýa sorag bereými...
Archi
7 Iýul 2022
Atayeva, motivatsiýa ustünlik barada-da kitap barmy bägül
Ahally_men
7 Iýul 2022
Atayeva, Aň predmeti tanaýan bolsa beýle ýaňsa almalar bolmazdy. Ýeterki edebi gahrymanlar diňe eserlerde ýaşasyn!
Archi
7 Iýul 2022
Atayeva, profilde bar Bägül
Archi
6 Iýul 2022
Atayeva, Salam Bägül maňada ugratjakmy şu kitapy
bismark
6 Iýul 2022
😢😢😢😢😢😢
Ahally_men
6 Iýul 2022
Atayeva, sen indi mehaniki ýalňyşlygy ideal ýalňyşlyga öwürme, gowsy adama täsir etjek gysgajyk eserlere üns ber...
Ahally_men
6 Iýul 2022
Agyr wakalary beýan edýän kitaplar psihalogiýaňa güýçli täsir edip biler, şonuň üçin her eseri okamakaňyz onuň size laýykmy ýa däldigine üns beriň!
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2022
Atayeva, hawa
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2022
Atayeva, Düýnki kitaby tapyp bersene
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.