zumerret_
06.07.2022 19:44
Dinimizde namazyň hökümi
Namaz yslamdan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz hijretden 18 aý ozal, magraj gijesinde, bäş wagt görnüşinde farz buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah (a.s.) we mü’minler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.

Namaz – Kuran, hadys we ijmag bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulman üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we inaýetine ýeterler.

Namazyň farzdygyny inkär etmek, mü’mini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar:

«Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Müddesir, 40-43).

Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar:

«Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», (Buhary, Nesaýy).
«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah Tagala onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Maje).

Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde:

«Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Maje, Nesaýy) diýilýär.

Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mü’minleriň namaz okamagyna emr edilýär. «Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mü’minlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103).
Hadysy şerifde:
«Allah Tagala musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär. Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Yslam bäş zadyň üstünde bina edilendir. Olar: Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şahadat etmek, Namaz okamak, Remezan aýy oraza tutmak, Zekat bermek we Haj ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, Müslim).
6
31
jerenjik🌷
6 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.