❤GÜLHANYYM❤
06.07.2022 17:42
Seniñ wasbyñ

A-Alkymyň alma deý ýaňja gyzaran
B-Biliň balyk kimin balkyldar durar
Ç-Çeper keşdelerden dünýä döredýäň
D-Dişleriň dür deýin ýylpyldar durar

E-Eýesi sen bu düşniksiz dünýämiň
Ä-Ädimlerim saňa sary atygsar
F-Ful bedeniň görenleriň gözünde
G-Gözleriňde gör nijeme akyl bar

H-Hyýalymyň melegi sen Hanym'ym
I-Ile nusga işiň,edebiň ,haýaň
J-Jemalyň jahany haýrana goýar
Ž-Žurnalistler bilse ederler aýan

K-Keýik kimin enaýyja endamyň
L-Lowur-lowur lowurdaýar ýüzleriň
M-Mynasyp sen gerçekleriň gerçegne
N-Näzijegim ,soltany sen gyzlary-Ň

O-Owal-ahyr döremez beýle gözel
Ö-Ömür boýy ýazsam ýetmeýär wasbyň
P-Patyşalar dökse altynlaryny
R-Ruhum siňen roýuňdan gelmez üstin

S-Sylýar ýüze seni gören eneler
Ş-Şular ýaly gelin gelse öýme diýp
T-Tapylgysyz tagtymmy sen bagtymmy ?
U-Unutma ýar asla ýeke goýma diý

Ü-Ümmülmez umydym .göwün tagtym sen
W-Wagtsyz dünýäm,tükenmeýän altyn sen
Y-Ylahydan peşgeş berlen bagtym sen
Ý-Ýürekden söýenňe Taňry ýalkasyn
Z-Zynjyr deý baglaly söýgi halkasyn
13
94
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤, bolar, öz islegiňiz! Ýöne "Ful" edebi dilde ýok, şondan aýtdym
❤GÜLHANYYM❤
6 Iýul 2022
YGurbanaly23,F-Firdöwsiniñ goşgularnyñ eýesi
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2022
Dusia, nesip bolsa, nesibede bolsa...)
Dusia
6 Iýul 2022
YGurbanaly23, bilmeli şony
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2022
Dusia, bilemok😌
Dusia
6 Iýul 2022
YGurbanaly23, kim?🙄
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2022
Formasyna kybapdaş sen kalbymyň
❤GÜLHANYYM❤
6 Iýul 2022
YGurbanaly23,F-başga haýsy söz alsañ bolar?!
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2022
FUL-? *Waspyň , * üstün Goşgy gowy, ýöne şular bar
perizadym
6 Iýul 2022
👍👍👍👍👏👏👏💖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.