awesome
06.07.2022 15:07
Haýalylyk – mübärek häsiýetdir we gözel endikdir. Pygamberlik penakäri Muhammet alaýhyssalam haýalylygy iman daragtynyň bir şahasy hasaplap: «Haýalylyk imanyň bir bölegidir» diýýär. Haýalylyk älemiň düzgün-tertibiniň şertlerindendir. Haýalylyk sypaty bolmadyk ýagdaýynda adamlar biri-birlerinden şerm-haýa etmezdiler. Şeýdip, älem-jahanda tertip-düzgün ýitip, adamlaryň özara bähbitli işleri dargardy. Haýalylyk her kimiň islän zadyny etmegine ýol bermeýär.
Mälim bolşy ýaly, haýalylykdan ula-kiçä, hemmelere köp peýda bardyr we haýa güneşiniň nury bolmasa, ahlak miweleri çigdir, gögeledir.
Haýalylygyň bir görnüşi günä etmekden utanmakdyr, ýagny günä iş eden adam öz etmişinden utanmalydyr. Mysal üçin Adam alaýhyssalam jennetde bugdaý iýensoň, geýen eşikleri sypyrlypdyr. Ol saga-sola gaçyp, agaçlaryň arasynda gizlenipdir. Şol wagt: «Eý, Adam, bizden gaçýarsyňmy?» diýen owaz gelipdir. Ol: «Eý, Alla, men Senden nädip gaçaýyn we nirä gideýin? Ýöne öz eden hata işimden şerm-haýa edýärin» diýipdir.
Haýalylygyň ýene bir görnüşi sahylyk haýasydyr. Sahawatly adam dilegçiniň özüniň huzuryndan boş hem utançly gaýtmagyndan haýa etmelidir. Bir hadysda şeýle diýilýär: «Päk we Beýik Hudaý sahylyk haýasy bilen wasp edildi. Onuň bendeleriniň biri onuň dergähine iki elini göterip, doga-dileg etse, ol onuň elini pazly-keremden we rehmetden boş goýmaklykdan utanar. Şonuň üçin onuň arzuw aýasyna maksat-myradyny bagyş eder».
Aňrybaş sahylyk mätäji öz ýanyňdan utançly ýagdaýda, boş gaýtarmazlykdyr. Şeýle rowaýat edipdirler.
Mamun halypanyň döwründe şorlukda ulalan, önüp-ösen we şor hem ajy
suwdan başga suwy görmedik bir çarwa arap bar eken.
Şol çarwanyň taýpasynyň arasynda gahatçylyk ýüze çykanda, ol bialaç azyk getirmek üçin özüniň ysnyşan watanyndan we öwrenişen mesgeninden çykmaly bolýar. Ol şor ýerlerden geçip barýarka, ýoly ekerançylyga ýaramly ýere düşýär. Ol şol ýerde biraz ýagyş suwy üýşen bir köli görýär. Hoşamaý şemallar kölüň ýüzündäki çöp-çalamlary aýransoň, ol diýseň dury we ýakymly suw bolan eken. Çarwa arap şol wagta çenli, beýle suwy görmändir. Ol haýran galyp, şol suwdan dadyp görýär, suw onuň agzyna ýaraýar. Ol öz-özüne: «Men Hudaýtagalanyň behiştde bir süýji suwy bolup, hergiz tagamy üýtgemeýändigini eşidipdim. Bu barada Gurhanda hem şeýle diýilýär: «Onda üýtgemeýän tagamly suwly ýaplar bar» 1. Eger ýalňyşmasam, Haktagala ony maňa meniň garyplygym we ejizligim üçin bagyşlapdyr we meniň açlygymyň we biçäreligimiň öwezine bu suwy meniň üçin behiştden ýere iberipdir. Meniň şu suwdan döwrüň halypasyna eltmegim gerek. Ol hökman bu hyzmatymyň öwezine maňa haýyr-yhsan eder we men hem maşgalam bilen halypanyň haýyr-yhsanyndan gahatlyk belasyndan gutularyn» diýýär.
Şeýdip, çarwa arap meşigini suwdan dolduryp, Bagdada, halypalyk tagtyna tarap ýola rowana bolýar. Heniz ol ýere ýetmäge ep-esli ýol barka, Mamunyň haýbatly kerweni we beýik tagtyrowany gelip ýetýär. Çarwa bu awa-şikara çykan adamyň halypadygyny aňýar. Ol derrew halypanyň ýolunda durup, alkyşdyr sena aýdyp başlaýar. Mamun ony görüp:
– Eý, çarwa adam, nireden gelýärsiň? – diýip soraýar.
Ol:
– Ýaşaýjylary gahatlyk gam-gussasyndan we galla ýetmezçiliginiň belasyndan
halys bolan sähradan – diýip jogap berýär. Halypa:
– Nirä barýarsyň? – diýýär.
Çarwa:
– Siziň huzuryňyza geldim. Men eli boş gelmedim. Size hiç kimiň arzuw eli
onuň wysal etegine ýetmedik we hiç bir ynsanyň gözi onuň jemalyny görmedik bir sowgat getirdim – diýýär.
Halypa geň galyp:
– Näme ol, getir – diýýär.
Çarwa arap meşigini öňde goýup:
– Bu behişdiň suwy bolup, bu älemde hiç kim ony görmändirem, datmandyram
– diýýär.
Mamunyň buýrugy bilen jylawdary şol suwdan bir bulgur getirýär. Halypa suwa seredýär, görse, laý, erbet ysly we meşigiň erbet ysy siňen bir suw eken. Halypa ol suwdan dadyp görýär we özüniň pähim-parasaty bilen bu ýagdaýa düşünýär. Şeýdip, halypa utanyp, bu işiň paş bolmagyna ýol bermeýär. Halypa oňa:
– Eý, çarwa, dogrudanam, bu suw diýseň ýakymly we täsin içgi. Ony her kime berip bolmaz – diýýär.
Soňra onuň buýrugy bilen şol bulgur suwy ýörite päk gaba guýup, suw meşigini bolsa bir gyrada goýupdyrlar hem-de ony gowy aýap saklapdyrlar. Soňra çarwa ýüzlenip:
– Eý, arap, gowy sowgat we enaýy zat getirdiň. Aýt, näme hajatyň bar – diýýär. Ol:
– Eý, musulmanlaryň halypasy, meniň adamlarym garyplykdan we
binowalykdan1 ýaňa heläk bolýarlar – diýýär.
Halypa oňa müň dinar bermeklerini buýurýar we oňa:
– Eý, çarwa arap, bu zerleri alyp, derrew bu ýerden öz watanyňa bar – diýýär. Çarwa zerleri alyp, dessine yzyna dolanýar. Halypanyň ýakyn emeldarlarynyň
biri ondan:
– Bu suwdan hiç kime dadyrmazlygyň we çarwa araby bu ýerden derrew yzyna
gaýtarmagyň hikmeti näme? – diýip soranda, halypa şeýle jogap beripdir:
– Ol suw ýakymsyz we erbet ysly suwdy, emma ol çarwa adamyň içip ulalan suwuny göreňde, oňa behişt suwy ýaly bolup görünýärdi. Siz ol suwdan dadyp görüp, çarwa arabyň bu çig işine görä, oňa käýýäp, tagna urup, utandyrsaňyz gowy bolmazdy. Eger ony şu ýerden yzyna gaýtarmadyk bolsam, onda ol öňe gidip, Dejle suwuny görüp, onuň süýji tagamly suwdugyny bilip, eden işine utanardy. Men biziň sahawatymyzdan tama edip, ýanyma gelen bir adamyň ahwal sahypasyna utançlyk tozanynyň siňmeginden utanýaryn.
Haýalylygyň ýene bir görnüşi edep haýalygydyr, ýagny bir amalyň din we akyl taýdan amala aşyrylmagy gadagan bolmasa hem, edep haýalylygy ony şol işden saklaýar. Mysal üçin, Anuşirwan nergiz gül bar bolan otagda öz aýallary ýa-da
kenizleri bilen ýanaşmaýan eken. Ol: «Nergiz güli seredip duran adamyň gözüne meňzeýär» diýer eken. Hakykatda, Anuşirwanyň bu işi haýalylyk däldir. Sebäbi haýalylyk imandan gözbaş alsa, şonda haýalylyk hasaplanylýar. Ol otparaz bolupdyr. Ol bu işi edep hasaplapdyr. Emma yslam patyşalary şeýle zatlary amala aşyrsalar, onda ol haýalylykdan bolar.


Gurhanyň 47-nji (Muhammet) süresiniň 15-nji aýaty.
10
23
perizadym
6 Iýul 2022
👍👍👍👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.