IKI ÝOLUŇ ARASYNDA
(Erkin şygyr)
Bir şygyr ýazasym geldi,
Gözlerden uzak,
Ýürege ýakyn,
Sözlerinde duzak,
Düşünmesi kyn.
Edil umman ýaly bolmaly diýdim
Öz-özüme,
Asman ýaly sada, arassa.
Edil ynsan ýaly bolmaly diýdim.
Ynsan ýaly
...
IÝUL MESELESI
Ilki "l", soňra "m", soňra "n" gelýär,
Emma ol nämüçin ikinji ýerde
Diýip paňkelleler sowal beripdir,
Akylly kelleler galypdyr derde.
AŞGABADYŇ AGŞAMLARY ASUDA
Aşgabadyň agşamlary asuda.
Şowhunly çyralar umyt paýlaýar.
Kimler öýlerinde,
Kimler ýodada,
Penjireler garaňkydan saýlanýar.
Aşgabadyň agşamlary asuda.
Kino teatrlar - ýylgyrýan yüzler.
Ulagly gatnalýan ýollar arassa,
Gelse-de baharlar,
tomuslar,
güýzler.
Aşgabadyň agşamlary asuda.
Ak şähere meňzäp duran ulaglar
Akja şöhleleri serpýär yzyna.
Göterilýär al-asmana ak buglar.
Aşgabadyň agşamlary asuda.
Şowhunly çyralar umyt paýlaýar.
Kimler öýlerinde,
Kimler ýodada,
Ynha-da awtobus, Änewe barýar.