--Durmuşda hemişe akly-garaly --kyn hem ýeňil günlet bolýarmy?
Halypa ýylgyrypdyr:
--Aglaba köpçilik babatda şeýledir. Emma käbir kişiler ýenede bir ahwalatyň bardygyny bilip, ünslerini şonda egläpdirler.
--Ol ahwaly nähili bilip ýa duýup bolar?
--Onyň müşgili ýok, eger sen lapykeç bolsaň, diýmek, geçmişde ýaşaýarsyň, eger sen howsalaly bolsaň, diýmek sen geljekde ýaşaýansyň, eger sen lezzet alyp hem ýeňillik duýup ýaşaýan bolsaň, diýmek şu pursatda ýaşaýansyň.
Halypa sowal bereniň gözlerine bakyp, sözüniň üstüni ýetiripdir:
--Sen häzir nirde?