Blefarit gabakdaky kiçijik ýa-da ulalan çiş. Ol göz gabaklaryndaky ýag mäzleriniň akarlary petiklenende ýüze çykýar. Blefarit ilki bada duýulmazlygy mümkin, sebäbi agyry az bolýar ýa-da bolmaýar. Blefarit ulaldygyça, gabak gyzarýar, çişýär we kämahal degeniňde agyrmagy mümkin. Blefarit ulalsa, göze basyş edip, görüşiň bulaşmagyna sebäp bolup biler. Seýrek ýagdaýda ähli gabak çişip biler.
Blefaritiň döremegine sebäp bolýan köp faktor bar. Bulara gury deri, bakteriýa we wirus ýokançlyklary we allergiýa hadysalary degişlidir.
Arassa hasa ýa-da pamygy gyzgyn suwa batyryň we gabakda 3-5 gezek gaýtalap, 10-15 minut saklaň. Matany ýygy-ýygydan gyzgyn suwa batyryp ýyly bolmagyny gazanyň. Blefarit ýüze çykan ýagdaýynda, bu ýyly suwly ýapgy dykylan ýag mäziniň akarlaryny açmaga kömek edýär. Arassa dezinfisirlenen barmagyňyz bilen şol ýeri ýuwaş-ýuwaşdan massaž etmek arkaly, ýag mäziniň akarynyň açylmagyny gazanyp bilersiňiz.
Çiş gaty ulalan bolsa, oftalmolog çişmegi azaltmak üçin gözüň içine steroidleri (kortizon) sanjyp biler. Mundan başgada antibiotik mazlary maslahat berer...
Gaty uzak wagt dowam eden çiş bolsa hirurgiki usul bilen kiçijik manupulýasiýa arkaly ol çişi kesip aýyrmaly bolar.
Çiş gaýtalanýan bolsa, göz lukmany biopsiýa almak isläp biler. Biopsiýa prosedurasynda dokumanyň bir bölegi sebitden alynýar we gözden geçirilýär. Şeýlelik bilen, göz lukmanyňyz has çynlakaý göz meselesiniň barlygyny ýa-da ýoklugyny barlaýar.
❗ Sykyp, ýa-da iňňe dürtüp çişi ýarmaga synanyşmaň.
Şeýle etseňiz, ýokaşma gabagyňyza ýaýrap biler. Egerde blefarit çişi gözüňizde dörän bolsa, göz üçin ulanýan boýag serişdeleriňize nokat goýuň! (gorkmaň wagtlaýynça). Göz gabaklaryňyz çişende göz makiýažy ulanylmaly däldir. Göz boýaglaryny ulanmak bakteriýa we allergiki ýokançlyklara ýol açyp, blefariti bejermegi kynlaşdyrýar...