Aglady zenan - söýdim söýmedi diýip
Aglady zenan -söýgim taşlady diýip
Aglady zenan -bu gün toy günüm diýip
Aglady zenan - men agyr aýak diýip
Aglady zenan - men ene boldym diýip
Aglady zenan - öýe giç gelýän diýip
Aglady zenan - sähelçe zatlar üçin
Begensede, gynansada ol aglady
Çagasyna tiken çümsede aglady
Görýän welin zenanlara mahsusmyka aglamak,
Aglap aglap yürek bagry daglamak
Hey görüpmidin aglamaýan zenany
Göz yaş bilen ýeñjek bolýar bar zady.
Näme üçin aglaýar gözel zenanlar.
Yada siz şeýlebir ejizmikaniz
Yok ejiz hem dál ýeri gelende
Dagy daşy eredip dur o gözýaşlar
Titreder zemini göz ýaşy bilen
Yöne ejiz görünsede onuñ daş keşbi
Yeke damja nähäk daman göz ýaşy
Bilin büküp ýassyga goydurar başy
Ejizleme zenan goragçyn bardyr
Haýat kimin daşyňda seniñ galañ bardyr
Enàniñ süýdin emen adamzat ogly
Zenan gózýaşlarna bergisi bardyr