Öý bezegindäki heýkeljikler: kiçijik, ýöne manyly bezegler...
Öý hojalykçylar elmydama öýleri dürli esbaplar bilen bezäp, jaýyň rahat gurşawyny döretmäge synanyşypdyrlar. Hut şu maksat bilenem jaýlarda owadan çarçuwalardaky suratlar, nakgaşlyk eseleri, bezeg aýnalary asylýar we otaglar küýzelerdäki ösümliklerdir güller bilen bezelýär. Bu babatda iň meşhur we iň göwnejaý bezeg elementleriniň hatarynda adamlaryň, haýwanlaryň, zatlaryň ýa-da mifiki jandarlaryň şekilleri ýaly heýkeljikler hem bar.
Aslynda, şeýle heýkeljikleriň her biri öz daşky keşine görä, bir alamaty aňladyp, maksatlara ýetmäge itergi berýär diýen yrym hem bar.
Adamlar...
Adamlaryň suratlary ondaky adamyň ýagdaýyna, geýimine, alyp barýan işine laýyklykda islendik manyny özünde jemläp biler. Mysal üçin, çagalar — ýagşylygyň, bagtyň hem-de şähdaçyklygyň nyşany. Suratda şekillendirilen gyz ýa-da zenan — näzikligiň, romantikanyň we ýakymlylygyň keşbi bolup, är-aýal gatnaşyklarda özara düşünişmäge we sazlaşyga goşant goşýar....
Perişdeler, melekler we elfler
Aýdyşlaryna görä, bu personažlar hojaýynyny goraýar we oňa şowlulyk getirýär. Perişdeler ýagtylygyň we ýagşylygyň habarçylarydyr, ertekilerdäki elfler bolsa baýlyk eçilýän we hojaýynynyň şatlanmagyna hem-de üstünlik gazanmagyna itergi berip biler.
Haýwanlaryň şekiljikleri
Pişik😺 — bu merhemetiň we gözelligiň, rahatlygyň beýanydyr. Aýal maşgala üçin pişik hoşamaýlygy oýarýan bolsa, ol erkek adam üçin bolsa işinde üstünlik getirer.
It 🐕— adamyň wepadar dosty bolup, ol bütin maşgalany ýamanlyklardan goraýar.
Syçan🐀 — çeýeligiň we gönümelligiň çeşmesidir.
Gnomlar hemişe gowaklarda baýlyk toplaýarlar. Olary öýleriňizde ýerleşdirseňiz, bu heýkeljikler size baýlyk we bereket getirer.
Guş 🕊— erkinligiň, özbaşdaklygyň we adaty zatlardan ýokary galmagyň nyşanydyr. Şeýle-de guşlar yn meseleleri tiz çözmäge ýardam edýär.
Pil 🐘— Gündogarda iň bir hikmetli jandarlaryň biri hasap edilýär. Sebäbi bu haýwany adamlar kuwwatlylygyň, pähimliligiň hem-de rysgal-bereketiň alamaty hasap edýärler.
Bu agzalanlardan başga-da, özünde çäksiz gujur-gaýratlylyk berijiligi, ajaýyp duýgulary oýaryjylygy jemleýän täsin heýkeljikler bar....😊😇