Biz şeýlebir öwünjeň bolupdyrys welin, ýerliksiz öwünmek käte gülkünç ýagdaýa-da baryp ýetýär. ”Ilatynyň her 10000 adamyna Eýranda-1, Türkiýede-3, Angliýa bilen Fransiýada-10, ABŞ-da-10 wraç düşýär. Biziň güneşli Türkmenistanymyzda bolsa 10000
adama 21 wraç düşýär”. Gör nähili bagtlylyk! Şu maglumaty respublikamyzyň döwlet
ýolbaşçysyndan başlap, MK-nyň lektoryna çenli gaýtalamaýany ýok. Men ABŞ-nyň ýa-da Fransiýanyň san taýdan az doktorlaryny türkmen doktorlary bilen deňeşdirip görmek meýlinden daşda-da däl. Ýöne ony maňa derek başga bir fakt hasam gowy deňeşdirýär.
Ýokarky maglumaty hälimi-şindi gaýtalamagy endik edinen ýolbaşçylarymyzyň özleri ýa-da dogan-garyndaşlary näsaglasa, “güneşli respublikamyzyň” kän sanly doktorlaryna
janlaryny ynanman, derrew Moskwa ýa-da Berline uçmak bilen bolýarlar.
Atajan Tagan