BIRI MEN BOLSAM, BIRI SEN.
Barsam kenaryna giden ummanyň,
Tämiz howalara erkimi bersem.
Hol ýanda oturan iki juwanyň
Biri men bolsam,
Biri Sen.
Oýansa tebigat säher şapagy,
Eýýäm ak nokatlar bezän topragy.
Tänipdir gülünden gülüň ýapragy.
Biri men bolsam,
Biri Sen.
Geçipdir baglardan yzlary gyşyň,
Seret, alabahar töwerek-daşyň.
Hanha, şo-ol şahada saýraýan guşuň
Biri men bolsam,
Biri Sen.
Suwsapdyr baldakda näzik gunçalar,
Belki, teşnelikden gansa dynç alar.
Ýapraklaň ýüzünde ýüzýär damjalar.
Biri men bolsam,
Biri Sen.
Gelipdir baharym, gözellik ýaýýar,
Şeýle gözellige bilbiller haýran.
Ynha, şemallara tozgalar gaýýar,
Biri men bolsam,
Birem
Sen...
ÇYN SÖÝGI
(Erkin şygyr)
- Sen onuň owadanlygyny söýdüm diýersiň,
Gözlerini, gaşlaryny söýdüm diýersiň.
Şunça gözleriň içinde,
Şunça gaşlaryň içinde
Diňe şony görersiň.
Emma bilmersiň.
Aslynda onuň owadanlygyna däl,
Sen häsiýetine aşyk bolansyň.
- Megerem, çyn söýgüdir
Häsiýetini söýmek.
Bilmedim...
Ýöne şu dünýäde ýeke täk bilýän zadym bar:
Menem çyn söýdüm...
Şunça gaşlaryň içinde,
Şunça gözleriň içinde
Ýeke täk şony,
Şol gyzy gördüm.
PLATONİK SÖÝGI
"Uzakdan seviyorum seni"
Cemal Süreyya
Söýýan seni örän, örän uzakdan,
Rugsatsyz söýgümi duýdurman saňa.
Hyýalymda ýaşaýaryn keşbiňi,
Diňe hyýalymda barýan ýanyňa.
Söýýän seni örän, örän uzakdan,
Garşylyksyz söýgä çekemok arman.
Seň söýgiňi asla umyt edemok,
Söýýan seni seň söýgiňe garaşman.
Söýýän seni örän, örän uzakdan.
Bu söýgim hasapsyz, bihasap,
Bilýän,
Ýöne ak bulutlar örtse üstüňi,
Gülgüne gar bolup ýagsyn isleýän.
Söýýän seni örän, örän uzakdan,
Daşyňdan seredýän, daşdan guwanýan.
Ykabylmda, hyýalymda, ruhumda
Sensizlik söýgümi sessiz ýaşaýan.