❤GÜLHANYYM❤
04.07.2022 19:52
Gutlanmadyk toý🖋

Mekan öz obalaryndaky mekdepde mugallym bolup işe başlady.Gülnara her sagatlar diýen ýaly gabat gelýärdi.Mekanyñ añyndan Gülnarly duýgy hiç sowrulyp gidibermedi.
Bellenen toý güni ýetip geldi.Ir bilen birnäçe ojaklarda ot ýakylyp,gazanlar ataryldy.Dumly-duşdan myhmanlar toý gutlamaga geldiler.Bagşynyñ joşgunly aýtýan aýdymyna goç ýigitler hem-de çynar boýly gyzlar tans oýnadylar.Baýram bilen Mekan ençe wagt toý üçin niýetlän egin-eşiklerini geýdiler.Mekan dostuna ýagdaýy bildirmezlige çalşyp,ýylgyryp oñýardy ýöne onuñ içinde turýan harasatdan öýlenýän ýigit habarsyzdy.Toýy alyp baryjynyñ gelinalyjynyñ ugraýandygyny belent sesi bilen aýdanda Mekanyñ endamy jümşüldäp gitdi.Gyz tarapa gitjekler ulaglaryna mündiler.Birkemsiz bezelen ak ulaga Mekan hem uludan demini alyp aýagyny atdy.Seter bolup gelýän toý ulaglary,şu ýoldan Gülnarlara ugramagyny arzuwlan Mekan öz dosty üçin boljagy pikirinem etmändi.Durmuşyñ ýoly duýdansyz öwrüldi.Yzyny üzmän biwildaşýan toý ulaglary Gülnarlaryñ gapylaryna gelip ýetdi.Sazandalaryñ çalýan sazlary uzaklardan eşidildi.
Gülnar uzyn sülük barmaklaryny Aý ýaly ýüzüne tutup sojap-sojap aglady.Käbesi ýeke gyzyna ak pata berip bagt ýoluna atardy.Gyzyl kürtä bürenen gyz Baýramyñ golundan tutup ilkinji ädimlerini ätdi.Gyzynyñ gapydan çykyp barýanyny gören Bibi gelnejäniñ ýüregi üzüldi.Gyz tarapdan gaýdan toý ulaglary Gülnaryñ indi mydamalyk örküni baglajak ojakda ýüzärligiñ tüssesi bilen garşylandy.Baýramyñ gapdalyndan bile ýöräp gelýän Mekanyñ gözleri duýdansyzja çyglandy.Mekan öz bolşundan özi utandy.Ejizlemäge ýol bermezlige çalyşdy,emma başarmady.Kisesinden eplengi elýaglygyny alyp hiç kime görünmejek ýagdaýda derini süpüren boldy,eli mañlaýyndan soñ gözlerinden syrygyp gaýtýan ýaşlary süpürdi.Özüni ele alan ýaly duýup tans meýdançasynyñ ortarasyna geçip şadyýan tans oýnap bökdi.Toý ahyrlaberende alyp baryjy sözi Mekana geçirdi,hem-de toý gutlamagyny aýdypdy.Mekanyñ gulagyna başga söz eşidilmedi.Bedeni otly köýnek geýen ýaly gyzdy elbetde bu ýagdaýa Gülnary çyn ýürekden söýen ýüregi sebäpkärdi.Ýigidiñ damagy doldy.Mekan toýdan çykyp gaýtdy.Ýoldan ýöräp gelýärkä egninde nämedir bir zat uly agram berýärdi.Ol ýuwaşjadan"-Bagtly bol,arzuwlarymyñ az wagtlyk eýesi"diýip,ýoluny dowam etdirdi.
11
102
bismark
5 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,dogry aytyan ☺👏👏👏
❤GÜLHANYYM❤
5 Iýul 2022
SSHB,wagty gelende aýdylmadyk sözler soñra ökünje öwrülýär...
bismark
4 Iýul 2022
Bu yerde Mekanyñ ozundenlay gyza dogurlanyp soz aytmandyrda, prosta kakdyrnyp añdyrypdyr goni soz aydan bolsa Bagtly bolardy
❤GÜLHANYYM❤
4 Iýul 2022
ŞirnazarTaganow,hawa:)
ŞirnazarTaganow
4 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,başagaýlyk diýse :)
❤GÜLHANYYM❤
4 Iýul 2022
ŞirnazarTaganow,ýazmanada elim degenokla,bolsa 1 sagat çyrşan bolyan:)
ŞirnazarTaganow
4 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,ýazyjylyk işleri bilen öýdýän känä görüneñok soñky döwür :)
❤GÜLHANYYM❤
4 Iýul 2022
ŞirnazarTaganow,hawa sagboluñ!
ŞirnazarTaganow
4 Iýul 2022
❤GÜLHANYYM❤,bolupdyr.Gutlaýan dereje göterilipdir...
❤GÜLHANYYM❤
4 Iýul 2022
ŞirnazarTaganow,ýadynda saklan posta ikinji teswiri ýazan:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.