Aysona1997
04.07.2022 19:23


Göwnüne degeňsoň bagtly günleriň,
Aglanyňda näme, güleňde näme?
Sergezdan duýgular dökdi güllerin,
Bilmäniňde näme, bileňde näme?

Birmahal azaşan umydy dolap,
Gelmäniňde näme, geleňde näme?
Garyp galan yşky sözlerňe çolap,
Gepläniňde näme, dymaňda näme?

Gör kimi ýoklapdyr yşkymyň dady,
Örteneňde näme, köýeňde näme?
Ah, indi dag ýaly Tirkişmyrady,
Söýmäniňde näme, söýeňde näme?


Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW,
11
75
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
5 Iýul 2022
Aysona1997, 👍👍👍👍👍
ylham_gurbanaly
5 Iýul 2022
Gülşat Ataýewa, ýok ýok, şo goşgyň awtory hiç ýerde berilmedik. Aslynda ony bir gelin ýazypdyr. Goçmyrat aga bilýä kimdigini. Ýöne ol gelin hiç kimaýtmak gerek däl diýipdir)
gulshatayewa97
4 Iýul 2022
YGurbanaly23,terjime edilen goşgy dämi şol türkçeden
ay_kiz_
4 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍
Adelina
4 Iýul 2022
Göwnine degeñsoñ bagtly günleriñ , aglanyñda näme , güleñde näme ?...👍 Her zadyñ gadryny wagtynda bileli..
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Atayeva, şol aýdan goşgymy aslynda bir gelin ýazypdyr. Iň gowy edip okanam Goçmyrat aga)
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Indi söýseňde giç, söýmeseňde hiç ... diýýädi öňä biri..)
Aysona1997
4 Iýul 2022
Tikgi,👍👍
Tikgi
4 Iýul 2022
Gaty gowy gosgy adym tirkis ozim ucin duzilelen yaly boldym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.