❤GÜLHANYYM❤
04.07.2022 07:21
Gutlanmadyk toý🖋

Gülnar oglanjygyñ ýanyna golaýlaşdy ýöne ony halas etmek başartsada sag eli biçak agyrdy.Demini çalt-çaltdan hassyldap alýan çagajyga ýüzlendi:

-Hiç ýeriñ agyrmadydämi,özüñi duýşuñ gowumy?!

-Hawa mugallym ýöne men sebäpli siz eliñizi agyrtdyñyz.

-Ýok,indikiñize sapak bolar.Oýna gyzyp,seresaplygy elden bermäñ-diýip, gorkusynyñ biraz ýeñlemegi üçin suw uzatdy.
Ýodadan assa ýörap gelýän Gülnary gören Baýram,ulagyny gyzyñ gabadyna ýetende togtatdy.

-Gülnar salam.Bu sowuk howada pyýada barýañmy?!Sowuklaýma,ýör öýüñize golaýladaýyn.

Gülnar ulaga mündi-de uludan demini aldy.

-Salam Baýram.Sowuk howada pyýada gaýtmadyk bolsam,bir çagajygyñ janyny halas edip bilmezdim.

-Saglykmy?Näme boldy-diýen,Baýram ýalt edip Gülnaryñ ýüzüne soragly seretdi.
Gülnar bolan wakany aýdyp berdi.Baýram:

-Eliñ agyrysy güýçlimi.Hassahana äkideýin?!

-Ýok,elimiñ agyrysy aýrylyp gider.Çagajygyñ jany halas boldy iñ esasysy.

-Sen ýene-de "Halasgär"-diýip,Baýram Gülnaryñ ýüzüne ýylgyryp seretdi.

-Düşünmedim."Halasgär"bolaryn ýaly munuñ ýaly pursatlar öñ bolmandy?

-Meniñ durmuşymda bolduñ.Arzuwlarymyñ hyýal bolmagyndan halas etdiñ.Ömrümiñ her günini seni bagtly etmek üçin ýaşaryn.

Gülnaryñ akýagyz ýüzi dessine gyzardy,üýtgeşik duýgy gurşap aldy,utanjañ gyzdan ses çykmady.
Wagt diýseñ çalt geçýärdi.Baýram bilen Gülnaryñ toý sähedi bellendi.Baýram aýagy bişin towuk ýaly bir ýerde durmady.Elbetde göwün söýeniñ bilen toý tutup bagtly ömür sürmek nahili bagt.Baýramyñ ejesi Maral gelneje täze gelni Gülnar üçin her gün iñ naýbaşy öýmedir,matalardan alyp, begenip sypalap-sypalap akja bukjalarda ýerleşdirdi.
Mekanyñ öýüne gaýtmaly wagtlary hem golaýlap gelýärdi.Ejesi bilen habarlaşanda Şeker gelneje oglunyñ öñküliginiñ,keýpiniñ ýokdygyny añýardy.Mekanyñ Gülnar bilen geçiren çagalyk,talyplyk günleri hiç göz öñünden gitmedi.Durmuşda ýaşamaga höwesi gaçdy.
Ine-de gulluk ýyllarynyñ soñky güni gelip ýetdi.Bu gün başga ýigitleri begendirse-de Mekan üçin beýle bolmady.Hamala Gülnary görmese ýagdaýy ýagşy bolaýjak ýaly boldy.Gidesi gelmedi,bir wagtlar görmäge zar gözleriniñ indi beter ýaralajagyny bilýärdi.Ýolda öz özüne göwünlik berip hemme zady unutmaga çalyşdy,ýöne başartmady.
Mekanyñ gelmegine hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.Dostlary wokzaldan Mekany öýlerine alyp geldi.Watan öñündäki borjuny birkemsiz ýetine ýetirip gelen ýigit hemmeler bilen görüşdi.
Märeke azalyberendeMekan dosty Baýram bilen jan saglyk soraşdylar.Baýram hemişekiler ýaly obadaky täzelikler bilen Mekany tanş etdi.Baýramyñ gülümsiräp soñky aýdan habaryny eşiden Mekan,üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.

-Dost synpdaşymyz Gülnar bilen durmuş toýumyzy etýäris.Seni hem "Şaýat"hökmünde belledim.Dagy näme,iñ ýakyn dostumdan başga kim "Şaýat"bolsun?!
Mekan gapdalynda oturan Baýramyñ egnine kakyp:

-Gutlaýan!Gülnary bagtly et,haýyşym!-diýip,alyslardan görünýän,batyp gelýän Güne seretdi.Ýöne ol Günde bir wagtlar parlap dogan güneşiñ arzuwlaryny özi bilen alyp gidenini,bagtynyñ ýaşandygyny,gördi."-Bagtyñ üçin bagtymdan geçjek,seniñ durmuş ýoluñda ornum ýok eken,ýakyn dostum saña ömür ýar eken"-diýip,içini gepletdi...
12
64
bismark
4 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
ŞirnazarTaganow
4 Iýul 2022
Şeýle mert dostuñ bolsa-da...
❤GÜLHANYYM❤
4 Iýul 2022
Tikgi,Durmuşda hemme zat isleýşiñ,pikir edişiñ ýaly bolanokda...
Tikgi
4 Iýul 2022
Narm yone doslar hakyky bolsa bir birnin soygusinden hawarly bolardy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.