DöwranDöwranow
04.07.2022 05:11
SIÑIP GIDERSIÑ!!!!
Ýalançynyñ oýuny kändir gardaşym,
Durmuş arawañy idip geçersiñ!
Kä halatda dostlaryñam ýatlamaz,
Olaryñ añyndan ýitip gidersiñ!!!
☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️☝️
Bu dünýä synag üçin geldik biz,
Iru-giç kyn ýollardan çykarsyñ!
Sabyr edip çyn ýürekden göreşseñ,
Enşallah kynçylygy ýeñip geçersiñ!!!
👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆
Hiç hili men menlik etmegin dosdum,
Elmydam newsiñden gelginiñ üstün,
Beýik allam halal rysk nesip etsin,
Haram iýseñ o dünýäde ýanyp gidersiñ!
👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇
Döwran aýdar sen bolsa gülüp geçersiñ,
Bir topar ýalan ýalñyş antlar içer sen,
Mal-mülk diýip ençe zatdan geçer sen,
Iñ soñy gara ýere siñip gidersiñ!
👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆👆
4
30
Papindocka
4 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.