perizadym
04.07.2022 00:13
Söýgi dünýädäki iñ süýji we iñ syrly duýgy . Ýöne söýgi nireden gelýär ?! Köpler ony Ýaradan tarapyndan berlen nygmat diýip bilse , başgalar ony nebsiñ oýny diýip bilýär , alymlar bolsa söýgi organizmiñ himiki reaksiýasy diýen pikiri öñe sürýärler. Söýgi her kime her hili täsir edýär , şonuñ üçinem onuñ tarapy dürli- dürlidir. Men bolsa size söýginiñ gudratly güýjinden söz açmak isleýärin...
TEKEPBIRLIK WE SÖÝGI
Söýgä boýun bolmazlyk...şeýle ýagdaýa-da duşup bolýan eken dünýäde...söýýäñ ýöne aýan etmäge iç- içiñden bir zat garşy çykýar. Kalbyñda dörän söýgiñ üçin ýanyp bişersiñ , emma daşyña hatda onuñ tüssesinem çykarmarsyñ. Iñ ýakyn adamlaryña hem duýgularyñ barada dil ýarmarsyñ. Öñ hiç kime düşmedik nazaryñ , indi diñe bir ynsana dikilenini duýarsyñ , öñ hiç kim bilen paýlaşmadyk syrlarñy onuñ bilen paýlaşmak islärsiñ. Şol adam seniñ arzuwyñdaky şazada , düýşleriñde keşbini gören ynsanyñ. Onuñ bilen bagtly boljakdygyña , durmuş ýoluñy baglap biljekdigiñe-de gözüñ ýetýär. Ýöne ýene söýgiñe boýun bolmarsyñ....
Seniñ düýşleriñde gören arzuwyny eden hyýallaryň amala aşyp başlar. Iç-içiñden begenersiñ , dünýä bar sesiñ bilen "men ony gowy gördüm" diýesiñ geler. Ýöne ýene öñki gyzlyk edebiñ bu zatlara päsgel berer. Ol saña sereden mahaly bar bedeniñ titräp gidäýerem welin , daş- töweregiñe birjikde duýdurmarsyñ.Ýüzüñ begenjiñden gyzarsa howanyñ gyzgyndygyny bahana edersiñ. Onuñ başga gyzlara habar gatýanyny görseñ ýüregiñ ýarylara geler. Şol wagt ony hemmelerden gysganarsyñ. Ýöne öz içiñdäki duýgularyñy äşgär etmäge gezek gelende bolsa diliñ lal bolar. Seniñ pikiriñçe , kalbyñdaky duýgularyñy aýdan pursatyñ , edil şol pursat mertebäm pese gaçar diýersiñ...
Ynha- da bir gün , ajaýyp günleriñ birinde , garaşylmadyk ýagdaýda , ol seniñ ýanyña geler- de seni söýýänligini aýdar. Begenjiñden iki bolup bilýän dälsiñ welin , ýene tekepbirlik edip onuñ söýgüsini synagdan geçirip başlarsyñ. Beýle gazaply bolmak gerek dälem welin..." seni söýdüm" diýip , gözleriñe bakyp durana_da rehmiñ gelmez. Ol hat_da geljekde seniñ bilen durmuş ýoluny birikdirjekdigini_ de aýdar. Bu seniñ näçe wagtlap garaşan arzuwyny eden bagtyña-a ?! Ýok , sen şonda- da tekepbirligiñi edersiñ....
Eý ýürek ! Beýle_de tekepbir bolma ! Heý-de seni söýen ýar seniñ ýekeje şirin sözüñede laýyk bolmasa. Sen şeýle tekepbir bolarsyñ welin , öz duýgularyñy aç-açan diliñe getirip bilmersiñ.Ýöne...ýöñe söýgi şeýlebir gudratly duýgy , hatda tekepbirlik hem onuñ öñünde baş egýär. Bir gün geler şol tekepbirligiñ arkasyna gizlenip duran söýgi özini aýan eder. Şu zatlara pikir ýüwürdip , şahyryñ şu setirleri hyýalyma geldi :
Tekepbir bol , çykyp bolmaz gaýa dek ,
Sada bol , Aýlaryñ doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar , olar bar entek
Sen dek gaýalarda olañ hyýaly...
7
266
Adelina
4 Iýul 2022
Söýgi bize durmuşyñ beren iñ uly sowgadydyr 💝
ŞirnazarTaganow
4 Iýul 2022
Iñ beýik we güýçli söýgi Allaha we Watana bolan söýgidir...Allah hemmezatdan beýik,Watan bolsa ähli jandan...
Archi
4 Iýul 2022
Zümerret🌺, köp owadan ýerleri göripsiň...
Archi
4 Iýul 2022
Zümerret🌺, saňa höwesim gelýär...
Archi
4 Iýul 2022
Zümerret🌺, ussat sen baryp gördiň öýdýän Töregeg hanymba postam goýypdyň ýadymda
guli_
4 Iýul 2022
YGurbanaly23,😁gerek bolar entak
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Zümerret🌺, düşünersiň diýeýinle ,başga näme diýeýin😁, Guli_, medalyňam gutarmadaa seniň))
guli_
4 Iýul 2022
YGurbanaly23,Agam gitmakam🏅🤌gerek bolar jan agam
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Baryň baryň çagalar ýatyň indi, söýgi-pöýgi diýmäňde))

Archi, Könürgençde
Archi
4 Iýul 2022
YGurbanaly23, Torebeg hamyn ýadgärligi nerde dos bilýäňmi dz da dälmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.