Başarmaklyk - başlamakdan başlanýar.
Kerim Gurbannepesowyň
äheňinde
Başarmaklyk - başlamakdan başlanýar.
Erk - çilimi taşlamakdan başlanýar.
Nahar iýmek - dişlemekden başlanýar.
Öz terbiýe - işlemekden başlanýar.
..."A" harpyn öwrenip bilim başlanýar,
"Ýe..." harpyn öwrenip bilim taşlanýar.
Ondan soň arakdyr, çilim başlanýar,
"Oglanlar uruşmaga geliň!" başlanýar.
Jahyllykda hemme zatlar başlanýar,
Gowy erbet hemme zatdan goşlanýar.
Soň düşünip,
Soň düşünip başlanýar:
Çilim zyýan - soň düşünip başlanýar,
Arak zyýan - soň düşünip başlanýar.
"Aý kelle!., waý aýak!., bilim!.." başlanýar,
Şeýdip, wagtyndan öň ölüm başlanýar!..
Emma ne arak, ne çilim taşlanýar.
Pespäl şahyr.
Ýok, ýok, men-ä şahyr bolup biljek däl,
Sebäbi şahyra çyn duýgy gerek.
Her kim çyn duýgyny tapyp bilmeýär,
Çünki hemmelerde ýok ýanan ýürek.
Ýok, ýok, men-ä şahyr bolup biljek däl,
Sebäbi şahyra çuň paýhas gerek.
Akyl ummanyndan paýhas tapmasaň,
Goşgynyň bendinde bolmazmyş derek.
Ýok, ýok, men-ä şahyr bolup biljek däl,
Sebäbi goşgulam çaň bolsa gerek.
Bagyşlaň! Bu goşgym gowy bolmady,
Belki gowsun ýazaryn indiki gezek.
Gapy toý.
Adam doly jelegaý,
Hemme kişi başagaý.
Dikildi ak palata,
Bolup otyr gapy toý.
Şol palataň içinde,
Törde biri otyrdy.
Ýarty käse çaý içdi,
Ýene käsä çaý guýdy.
Biri otyr zol gürläp,
Biri ýatyr horruldap.
Gürrüň edýär köpüsi,
Otyryn men şol diňläp.
Bir mesele barada,
Gürrüň bolýar arada.
Her kim pikirni aýtdy.
(Bilmen näme barada)
Düşünmedim näm boldy,
Şol meselä em boldy.
Ýaňky adam asgyrdy,
Ähli kişi sem boldy.