Söýgi
Derekli gürrüñler, derekli söýgi,
Derek boýly bilen, derek astynda.
Söýgini müdimi saklamak üçin,
Ýakymly wadalar gerek aslynda...
Bolmajak zatlary wada etmäýin,
Bolaýjaklaryna alaly ugur.
Meselem:
Kiçijek oba, bir mellek,
On dört sany goýun, bäş-alty sygyr.
Nämämize derkar, hanlara mahsus,
Giden uly şäher, köşkli, eýwanly?
Kem bolmaz, garranja çagym, külbede,
Diýsem "Gökje çaýdan, demle keýwany!"?
Gaty zeruram däl ýaglyja maşyn,
Aýagmyz işlese, saglygmyz berkär.
Adamzada görki, görmegi dälde,
Birinji nobatda saglygy derkar.
Wada edip biljek, ogul, gyz, agtyk,
Öte geçdim öýdýän...
Owaly Hudaý!
Şol goldasa, baýlañ baýy bolarys,
(Erbet etmişmim ýok, goýmazla gedaý)
Aý näme görşüñdek bagytly durmuş,
"Ýagşy niýet-ýarym döwlet" diýleni.
Şundan artyk zada ýetenok güýjüm,
Sadaja arzuwlam bilen söý meni!