Aynurr
03.07.2022 19:54
Seniñ bilen kalbyma nur guýulan,
Ötdi günler - öz-özüme gyýylan.
"Ne ýigit ol, beýle çyndan söýülen?!"
Diýip, goşgy ýazdym saña bagyşlap.

Men bilmenem, derdim başdan aşypmy?!
Wah, sen diñe goşgularma aşykmy?!
"Söýgi atly gapym - altyn işikli"
Diýip, goşgy ýazdym saña bagyşlap.

Urýarka ýüregim adyñy tutup,
Bagyşla, deñiñden bilmedim ötüp,
Indem yşkym siñen baglary öpüp,
Joşup goşgy ýazdym, saña bagyşlap.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
4
15
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.