Poet
03.07.2022 10:05
Bir gojanyň aýdan sözleri.

Gahar bilen bolan wagtyň medetkär,
Ruhuňy syndyryp kalbyň daş eder.
Gaharny ýuwutmagy başarmaz her är,
Başarsa özüni mähek daş eder.

Adam özün ýaltalyga uranda
Maksadyna ýetmez, ýöne duranda.
Niýetini ýaman işe guranda,
Öz başyny uly bela duş eder.

Hudaý saňa bir agyr dert berdimi,
Merdem dek götergin beren derdini.
Ýöne kalbyňda garratma derdiňi,
Ýyllar seniň bedeniňi läş eder.



Bir gojanyň aýdan sözleri 2.
(Erkin şygyr)

Elmydama dogrulary diýmek kyndyr.
Emma dogrulara ynanmalydyr
Ýalanlara ýer bermez ýaly.
Käbir adamlar dogrulara däl-de,
Ýalanlara ýakyndyr.
Ol kä kişileriň işi,
Kä kişileriň ýalňyşy.

Dogry zada dogry diýmek işini är eder.
Seniň häsiýetiňi inkär eden,
Dogry sözleriňi hem inkär eder.



* * *

Her kim özi üçin dogry ýaşaýar,
Şonuň üçin men köpleri synladym.
Kimiňki dogry, kim beýik ýalňyşýar?
Dogry adamlary beýik syladym.

Dogry adamlardan aldym görelde,
Dogry sözlemleri gursagma guýdum.
Soň özümiň ýalňyşymy göremde,
Düzetmeklik üçin zerurlyk duýdum.

Deýl Karneginiň ýolundan başlap,
Edebiýatyň jümmüşinde bitirdim.
Lezzet alyp, kemçiligi taraşlap,
Zerurlyklarymyň üstün ýetirdim.

Düşündim şondan soň diňe bir zada:
Durmuşdan närazy bolanda ýürek,
Şol pursat ynanýan dogrularyňy,
Juda dogrulara düzetmek gerek.
11
102
perizadym
3 Iýul 2022
Dogry adamlardan aldym görelde , dogry sözlemleri gursagma guýdum , soñ özümiñ ýalñyşymy göremde , düzetmeklik üçin zerurlyk duýdum👍👍👍👏👏👏🔥..." Meniñ her bir duşan adamym menden haysy hem bolsa bir meselede artykmaç. Men şol zady ondan öwrenmelidirin" Emerson
Ovezova_
3 Iýul 2022
👏👏👏👏👏birinji gaty gowy
Adelina
3 Iýul 2022
👍👍👍👍👏👏👏
Çiçegim🌙🌼
3 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.