ArslanYazly
03.07.2022 01:43
Agyz boşlugyndan gelýän ýakymsyz ys (başgaça halitosis diýip atlandyrylýar) hemme kişide diýen ýaly ýaýrañ problemalaryñ biri.
Bu ýagdaýy köplenç özbaşdak aýyrmak mümkin bolup durýar.

Ýakymsyz ysy özbaşdak nädip aýyryp bilersiňiz?
Ýakymsyz ysy aýyrmagyñ iñ gowy we netijeli ýoly dişleriňizi, diliñizi, umuman agyz boşlugyñyzy arassa saklamakdyr. Ysy aýyrmak üçin:
Ýerine ýetirmeli zatlar:

Dişleriňizi we diş etleriñizi günde 2 gezek 2 minutlap ýuwmaly(ýatda saklamak üçin 2x2);

Düzüminde ftor saklaýan diş pastalaryny ulanmaly;

Günde 1 gezek dişleriñiziñ aralaryny diş flossalary bilen arassalamaly;

Her 6 aýdan stomatolog lukmanyñ gözegçiliginden geçmeli;

Eger protez ulanýan bolsañyz proteziñizi arassa saklamaly we gije ýatmazdan ozal aýyrmaly;

Güýçli ysly nahar ýa-da içgi kabul edeniñizden soñ narpyzly sakgyç çeýnemeli;

Antibakterial agyz çaýkaýjy ekstrakty (ополаскиватель) ýa-da diş pastasy ulanmaly;

Etmeli däl zatlar:

Çilim çekmäñ;

Dişiñizi ýuwanyñyzdan soñ suw bilen göni durlamañ (azajyk garaşyñ);

Köp mukdarda şekerli iymit we içgileri kabul etmäñ;

Dişleriňizi gaty gödek şekilde ýuwmañ (diş etleriñiziñ ganamagyna getirer);



Ýakymsyz ysa näme sebäp bolýar?

Ajy we ysly iymitler iýmek;

Diş ýa-da diş eti problemalary (diş eti keselleri, kariýes boşluklary ýa-da infeksiýa);

Agyz gurulygy, tonzilit, reflux ýaly käbir ýagdaýlar;

Çilim çekmek;




Eger şular bolýan bolsa haýal etmän stomatolog lukmana ýüz tutuñ!

Ýokarky etmeli zatlary edeniñizden soñ hem ýakymsyz ys bir hepdeläp dowam edýän bolsa;

Diş etleriñiz çişen, ganaýan, agyrýan bolsa;

Dişagry ýa-da yrgyldaýan dişiñiz bar bolsa;

Proteziñiz barada problema bar bolsa;

Stomatolog lukmana ýüz tutuñ!!!






15
231
guli_
5 Iýul 2022
ArslanYazly,Sen birzat edip beraymesen geljekde doktor
ArslanYazly
5 Iýul 2022
Guli_,ay gorda özüñ mühendis hanım
guli_
5 Iýul 2022
ArslanYazly,borlai nerwym alanok ayyransoňam agyrya doly ceynap blnk garaz owerlik dalde
ArslanYazly
5 Iýul 2022
Guli_,dakyp owrensmelida sen sony
guli_
5 Iýul 2022
ArslanYazly,hovva yonekey zat dakan yalydy.Beter gyjyndyryp agyrtyady ayyrdym soň doly yzygiderli dakamokdymam.Možet solam sebap bolandyr
ArslanYazly
5 Iýul 2022
Guli_,birahat edyami
guli_
5 Iýul 2022
ArslanYazly,Hovva bilyan yone meňkilera gownumdaki yaly bolmady nmucundir
ArslanYazly
5 Iýul 2022
Guli_,ökde wraja ol
guli_
5 Iýul 2022
ArslanYazly,Seyle oytyan registrasiyadaky etazdada 1mi ya sol padwal bn ikinji bolyada
ArslanYazly
5 Iýul 2022
Dusia,meñem ýanyma gelaýmelida

Guli_,1nji etaž bolaýmasyn. Giriş podwaldan başlaýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.