perizadym
03.07.2022 00:38
Maşgala bagtynyñ sütüni nämede ? Agzybir maşgala gurmak , bagtly ýaşamak her kimiñ köñül arzuwy , emma " bagt " diýilýän gymmatlyklara her kim özüçe düşünýär we oña her kim her dürli baha berýär. Bagt diýlende bu barada şeýleräjik tymsal ýadyma düşýär : Dokuzy düzüw maşgalany berkarar etmekde esasy mukaddeslikler hasaplanylýan bagt , söýgi we saglyk maşgalalarda özleriniñ orunlary barada jedel edipdirler. Olar bu meseläniñ oñyn çözgüdini tapyp bilmän ýola rowana bolupdyrlar . Ýolugra bir maşgalanyñ gapysyndan barypdyrlar we haýsy hem bolsa biriniñ bu öýde galjakdygyny aýdypdyrlar. Öý eýeleri derrew bagty saýlap , ony öz öýlerine goýberipdirler. Söýgi we saglyk öýüñ daşynda geziberipdirler. Wagtyñ geçmegi bilen ilki söýgi , soñam saglyk bu maşgalany terk edipdir. Olaryñ yzy bilen bagtam gaýdyberipdir. Üçüsi ýene- de bir maşgalanyñ gapysyny kakypdyrlar . Bu gezek öýe salnan saglyk bolupdyr. Hiç hili ähmiýet berilmedik bagt bilen söýgi bir birden yzlarna dolanyberipdir . Olaryñ ýoklugyndan halys ejizlän saglygam dostlarynyñ yzlary bilen ýetiberipdir. Üçüsi ýene- de bir bosagadan ätläpdir. Bu gezek ýaş maşgala eken. Olar ikirjiñlenmezden söýgini özlerine hemra edinjeklerini aýdypdyrlar. Söýgi bolmazdan özleriniñ ýitip gitjekdiklerine anyk göz ýetiren saglyk bilen bagt hem hemişelik bu maşgalada galmaly bolupdyr.
7
58
ylham_gurbanaly
3 Iýul 2022
Hemme görüp bilsedi...
kyyas2017
3 Iýul 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Adelina
3 Iýul 2022
"Söýgi biziñ ýaşaýşymyzyñ gözbaşy hem_ de ahyrydyr. Söýgüsiz ýaşaýyş ýokdur. " Konfusiy
HoJoM
3 Iýul 2022
......👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.