Antibeden antigeni tanamasa, ak gan öýjüklerini köpeldip antigeni ýok etjek bolýar. Şol sebäpli, adamyň bedenindäki antibedenlere laýyk gelmeýän antigenler sanjym edilse, beden reaksiýa görkezer we bu nätanyş antigenini ýok etmäge synanyşar. Eger-de A(2) topar antigenleri bolanlarda Anti-B antibedenjikler saklanýar, ýagny olar B(3) antigenini ýok etmek üçin ýöriteleşdirilen antibedenjikler.indi bu 2-nji topar gany 3-e, 3-i hem 2-ä guýsak antibedenjikler bilen antigenleriň urşuny döredýä diýmek bolýa.(guýup bolanok ş,ün) AB (4)gan toparynda antibedenjikleriň hiç birini tapyp bolmaýar we ähli antigenleri saklaýa özünde. O gan toparynda iki antigene(A we B) garşy antibedenjikler bar. şoň üçinem ol hiçisinden alyp bilmeýä (oňuşanok hiç kim bilen meniň ýaly bolup 😋)
Soň ýene bir zat: mysal üçin, 1-nji topar donor 2-nji topar respiýente gan goýberilende reaksiýa ýüze çykma mümkinçiligi bar... Sebäbi biz diňe A,B,O, Rh ulgamlary bilýäs, emma ondan başgada kiçijik heniz doly öwrenilmedik bedenjikler bar her gan toparda... Ýöne gan tapdyrmasa gyssagly bolsa şol alynyp bolýan başga toparlardan proba etmek arkaly goýberilýär gan. Klinikada hem mümkin boldugyça öz toparyndan guýulmaga çalyşýandyrlar, sebäbi hiç hili reaksiýa berenok...