DöwranDöwranow
02.07.2022 05:44
Söýgi ajaýyp duýgydyr dostym,
Birin söýseñ çyn ýürekden söýjek bol!
5 gün söýip 6njy gün terk etme,
Şonuñ bilen bir ömüri sürjek bol!

Gyz ýüregi ejizdir çekimer senden,
Derdin gizlär ýürejigi gyssada çenden,
Her haçanda gözlerine seretseñ,
Bir bakyşda onuñ derdin duýjak bol!

Ünüs bergin bu aýdylýan sözlere,
Hiç haçan görkünde söýgi gözleme,
Baha berme daşdan bakyp güllere,
Görküni däl ýüregini söyjek bol!!!

Döwran ýazar sen ýaltanman diñleseñ,
Söýgi bolmaz birin çyndan söýmeseñ,
Çyn söýgini nirde diýip gözleseñ,
Şol çyn söýgi ilki özüñ boljak bol!!!
8
168
DöwranDöwranow
4 Iýul 2022
YGurbanaly23,bu aytyanlarynyzam dogry yone...
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Çiçegim🌙🌼,DöwranDöwranow, özümde şeýle boldy diýip, hemmäni sokmak nädogry diýýän. Ýönekeýje mysal getirjek: şuwagt mende pul bolmady diýip, hemmede pul ýok diýip bolmaýar. Ýa-da gelhekde mende pul bolmaz diýip bolmaýar. Hemme zadam özüňe bagly
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
4 Iýul 2022
Peri, yalnys dusundiñ, gargyn diyjekdim has koprak gargyn🙃

Peri, yalnys dusundiñ, gargyn diyjekdim has koprak gargyn🙃

Peri, yalnys dusundiñ, gargyn diyjekdim has koprak gargyn🙃
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
4 Iýul 2022
Peri, garga😁
Rustamowna
3 Iýul 2022
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂,Dogry
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
3 Iýul 2022
Çiçegim🌙🌼, yalñyş ynsana gowun beryäñ soñam hakyky söygi yok diyen yalñyş dusunje bilen gezyañ
DöwranDöwranow
3 Iýul 2022
Çiçegim🌙🌼,yasanlar biler dine yasamadyk bilmez
Çiçegim🌙🌼
3 Iýul 2022
YGurbanaly23, ay ol señ duşunjäñ yone mena şoñ yalandygyny bildim
DöwranDöwranow
3 Iýul 2022
YGurbanaly23, köp minnetdar hokman duzederis
ylham_gurbanaly
3 Iýul 2022
DöwranDöwranow, men size goşgy ýazmaň ýa ş.m zat diýmedim. Ýazyň haýsy bolsa-da , ol gowy zat. Ýöne çeperçilik bolsun-da, "nobatçy" sözler adamy irizýär!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.