Ugurtapyjy şa
Ýaş, akylly we gaýratly bir şa, yzly-yzyna ýeňişler gazanypdy. Soňunda
şanyň iň beýik garşydaşy bilen ýüzleşme wagty geldi. Bu söweşde ýeňilse bar
edeni puçdy. Ol ýeňjegine ynanýardy, emma serkerdelerinde ilkinji gezek
ikirjiňlenme duýgusy bardy.
Generallary toplady, jübüsinden bir teňňe çykardy. Generallar näme
boljagyna sabyrsyzlanýardylar. Şa: “şekil gelse ýeňiş biziň tarapymyzda, eger
ýazgyly ýüzi düşse ýeňiş duşmanyň haýryndadyr’’ diýýär. Teňňe oklandy we
ýere şekilli tarapy düşüpdi.
Serkerdelerde ýeňjeklerine bolan ynam döredi. Şeýlelikde güýçli bir
depgin bilen söweşe başladylar we soňunda ýeňiş gazandylar.Ýeňiş gününiň
baýramynda generallaryň biri: “Teňňäniň şekilli ýüzi geleninden soňra ýeňiş
ynamy döredi’’ diýdi. Galanlary hem generaly makulladylar. Şa: “Sen şeýle
pikir et’’ diýdi, ýaş şa, jübüsinden metal teňňäni çykaryp hemmelere
görkezdi.Teňňäniň iki tarapy-da şekillidi.
Sen ynamyňy ýokarlandyrdygyňda öňüňdäki päsgelçilikler we içiňdäki
gorkular kiçelmäge başlar!
Üstünlıgın syrlary