ArslanYazly
02.07.2022 00:38
Gingiwit näme?

Gingiwit esasan bakteriýa ýokançlygy sebäpli döreýän diş etiniň çişmesi bolup durýar. Bejerilmedik ýagdaýynda, periodontit diýlip atlandyrylýan has agyr infeksiýa öwrülip biler.

Amerikanyň diş birleşiginiň habaryna görä, gingiwit we periodontit ulularda diş ýitgisiniň esasy sebäpleri bolup durýar.

Diş eti infeksiyasynyñ görnüşleri:

Gingiwit, adatça diş ýokundysynyñ aşa köpelmeginiñ netijesinde ýüze çykýar. Nädogry diş arassaçylygyndan başga-da birnäçe faktorlar bolup biler:

Fenitoin, losporin, kalsiý kanal blokatorlary we agyzdan ýa-da sanjymly dogum kontrol ýaly käbir dermanlar (bu dermanlar gingiwidiñ döremegine sebäp bolup biler ýa-da diş etiniň aşa ulalmagyna sebäp bolup biler we diş ýokundysyny aýyrmagy kynlaşdyryp biler);

Dowamly witamin C ýetmezçiligi;

Gormonal üýtgemeler, esasan-da göwrelilik döwründe we nikel ýaly agyr metallar, käbir kosmetikalarda tapylan bismut we ş.m. gingiwide sebäp bolup bilýär.

Gingiwit döredýän diş etiniň infeksiyasynyñ käbir görnüşleri bar, olar diş ýokundysynyñ köpelmegi bilen baglanyşykly däl. Bulara,
belli bir wirus ýa-da kömelek infeksiýalaryny mysal getirip bolar.

Gingiwide näme sebäp bolýar?

Diş etiñiz aslynda biziñ görýän diş eti gyralarymyza garanyñda dişleriñ has pes nokadyna berkidilen ýagdaýda bolýar.Bu sulkus diýilýän kiçijik giňişligi emele getirýär. Iýmit we ýokundy bu giňişlige düşüp, diş eti infeksiýasyna ýa-da gingiwide sebäp bolup bilýär.

Diş ýokundysy, bakteriýalaryň inçe plýonkasy bolup durýar. Dişleriňiziň üstünde hemişe emele gelýär. Diş ýokundysy aýrylyp durmadyk ýagdaýynda gatylaşýar we diş daşyna öwrülýär. Diş ýokundysy diş eti çyzygynyñ aşagyna tarap ýaýrasa onda diş eti infeksiýasyna getirýär.

Gingiwit we periodontitiň alamatlary nämeler?

Köp adamlar diş etiniň keseliniň bardygyny bilenoklar. Alamaty bolmazdan gingiwidiñ bolmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, diş etiniň keseliniň alamatlary bolup biler:

Dişleriňizi ýuwanyňyzda ýada diş sapajygy ulananyñyzdan soñ diş etiniñ ganamagy,diş etinde çişlik, gyzarma alamatlarynyñ bolmaklygy.

Gingiwide nädip diagnoz goýulýar?

Diş barlagynda diş etiñiz kiçijik lineýka bilen barlanar.

Bu gözleg, çişmegi barlamagyň bir usulydyr. Dişleriňizdäki diş eti jübüleri ölçär. Adaty çuňlugy 1-3 millimetrdir. Diş lukmanyňyz süňk ýitgisini barlamak üçin rentgen hem talap edip biler.

Diş lukmany bilen diş etiniň keseliniň risk faktorlary we alamatlaryňyz barada gürleşiň. Bu gingiwidi anyklamaga kömek edip biler. Eger gingiwit bar bolsa, periodontiste ýüz tutup bilersiňiz. Periodontist, diş etiniň kesellerini bejermekde ýöriteleşen diş lukmanydyr.

Gingiwidiñ öňüni nädip alyp bolar?

Dogry we yzygiderli agyz arassaçylygy diş etiniň keseliniň öňüni alyp biler. Bu öz içine alýar:

Her 6 aýdan diş lukmanyna görünmek;

Her gün 2 gezek ftorly diş pastasy bilen dişleriňizi ýuwmak;

Deňagramly iýmitlenmek diş saglygyny gazanmak we goldamak üçinem möhümdir.
11
112
ArslanYazly
4 Iýul 2022
B.....,sagbol mathematician
ArslanYazly
2 Iýul 2022
Guli_,sagbola mühendis hanım
guli_
2 Iýul 2022
ArslanYazly,Sen aÿtyan bolsaň onna seyledir)
ArslanYazly
2 Iýul 2022
Guli_,6 ýyl däl 5 ýyl

Guli_,5 ýyllabam diñe gigiýena öwrenilenok mühendis hanım
guli_
2 Iýul 2022
ArslanYazly,Dagy nm 6yyl okayandyrlar on un dagy
ArslanYazly
2 Iýul 2022
Serwi,👍👍👍👍👍
ArslanYazly
2 Iýul 2022
Pirmuhammet,👍

Guli_,sebäbi olar bejerginiñ kynçylygyny bilip öñünden gaçýalar(öñüni alýarlar)

Guli_,birem dogry ýuwluş tertibini bilýäler 😁

IDEALLIDER,dogry ol meselede bar elbetde
Pirmuhammet
2 Iýul 2022
Malades👏👏👏
guli_
2 Iýul 2022
IDEALLIDER,😁bolp bilerHoJoM,Ai kop stom doktorlarda uns beryanda gul yaly disleri ba,ya meň pikirimce olar peydaly taktikalary bilen soň dislerinede seyle gowy seretyandirlerda
HoJoM
2 Iýul 2022
Guli_, Ozlerininki owadan diyip kim aytdy..? 😜 (kakdyrma vs diss atma.com)

5 sany Paradont kesellerinin owwalkysy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.