Şu günler üýtgeşik duýga sepleşdim,
Düýn düýşümde ýylan bilen gepleşdim.
Diýdim:"Zäher neçüýn saña berildi?!
Çakan zadyñ sagat geçmän serildi.
Aýaksyzam bolsañ batly ýörediñ,
Adamzada gorky bolup dörediñ.
Bize berlen bolsa köp bordy derman
Sagdyn borduk beýle kösenip ýörmän "
Ýylan seretdide: " Pikir et..." diýdi
" Hemem sen bir zada şükür et " diýdi.
Diýdi: " Zäher berlen bolsa adama,
Garaşmak gerek däl asla ýardama
Dünýäni adamsyz soldurardyñyz
Bir- biriñiz çakyp öldirerdiñiz..."
KerimHally