Poet
02.07.2022 00:12
Sussupes adam.

Sussupeslik boldy meniň ýalňyşym,
Adamlara ýakyn bolmadym gaty.
Az boldy hemişe dostum, ýoldaşym,
Hemişe bir gyzyň bolmadym bagty.

Ähli adamlardan özüm sakladym,
Her kim meni ejiz diýip çaklady.
Men ejizi boldum ähli barlygyň,
Seslenen pyrsadym sesim çykmady.

Bolup adamlaryň içinde bir san,
Gülmeli pursatlam ýylgyrman gezdim.
Ýalňyzlygy söýüp bilermi ynsan?
Elmydama ýalňyzlygy gözledim.

"Seniň bu halyňa kimler düşüner?"
Atdym öz dünýäme gussaly owaz.
Gezdim tapylmadyk jogabym bilen,
Maňa azap berdi jogapsyz sowal.

Gerek däl hiç gynansynlar halyma,
Ýöne barlygymda azdy islegim.
Men olardan garaşmadym köp zada,
Men olardan diňe Söýgi isledim...



Ýalňyzlyk.

Dostum, men seni şeýle gowy görýän,
Sebäbi sen meniň bar syrym bilýäň.
Men saňa öz duýgularmy aýdamda,
Sen darykman yhlas bilen diňleýäň.

Dostum, men seni şeýle gowy görýän,
Sebäbi sen maňa kän goldaw berýäň.
Meni köp gaýgylar basmarlan wagty,
Sen haýal etmäni ýanyma gelýäň.

Dostum, men seni şeýle gowy görýän,
Sebäbi her bendiň dört setir düzýär.
Özgeler adyňa goşgy diýse-de,
Men-ä saňa dostum diýip ýüzlenýän.



Ýalňyzlyk 2

Oturýan, oturýan, ýene garaşýan.
Şol bir kitap, depder,
Şol bir penjire.
Şol bir aýak sesler, tanyş adamlar:
Hanha pylan aga,
Plyan gelneje.

Otagymda bolsa tukatlyk, ümsüm.
Men bu sessizlikde gygyrýan sesli,
Şonda-da hiç kimiň çekemok ünsün,
Şonda-da mydama çaga höwesli.

"Höwes - bir pursatlyk.
A men gözleýän
Has ullakan höwes iller mysaly"
Onda nä sebäpden sesiň gizleýäň,
Nä sebäpden paýlaşmaýaň gussaňy?!
8
79
Poet
3 Iýul 2022
2nji goşgyda şahyryň ýalňyzlygyny beýan etmek isledim. Teswirleriňiz üçin minnetdar! 👍🙂
Adelina
2 Iýul 2022
👍👍👍👍👏👏👏

Ikinjide dostum sozi kop gaytalanyp akgynlylygyny azrak ýitirýän ýaly ...

Goşgy okyjynyñ dosty , ýazaryñ bolsa kalby . " Kalbym ak kagyza damdy , siz oña goşgy diýdiñiz"
ylham_gurbanaly
2 Iýul 2022
2-nji goşgy birhiliräjik bolupdyr. Belki-de ol diňe meň üçindir
gulshatayewa97
2 Iýul 2022
Dossuň ýalňyzlyk bolýamy🤔
Poet
2 Iýul 2022
Goşgylar her tüýsli tankytlara, maslahatlara açykdyr. Bu hemme paýalşýan postlarymada degişli.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.