Poet
01.07.2022 00:03
Bir gün oýanarsyň säher şapagy,
Açarsyň gözlerňi pessaýlyk bile.
Ýorganyňda ak gündiziň ýagtysy,
Gapdalyňda ýagty berýän penjire.

Owadansyň ak düşegiň üstünde,
Meýmireder seni säheriň ysy.
Gapdalyňda ýagty berýän penjire:
Aýdym aýdar çagalaryň gülküsi.

Şonda şu kalbyňda duýarsyň bada,
Şat owazlar seniň üçin bagtdyr.
Görersiň. Zemine gijeden galan -
Asmandan şeýle bir garlar ýagypdyr.

Bu - zeminiň görülmedik ahwaly.
Seniň bagtyň kimin gelen şol garlar,
Meniň şu dünýede arzuwym bolup,
Hem-de söýgim bolup ýanyňa barar.
11
112
Dusia
3 Awgust 2022
😍👍👏...
Poet
3 Awgust 2022
Gülhan, sagboluň :)
Gülhan
3 Awgust 2022
Poet, Şu goşgynz beylekilerden has tapawutly göründi maňa....
TKM..
2 Iýul 2022
Poet, ahalyñ niresinden sen
Poet
2 Iýul 2022
TKM.., hawwa
TKM..
1 Iýul 2022
Poet, awtor ozinmi
Çiçegim🌙🌼
1 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Kitaphon
1 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Poet
1 Iýul 2022
Ahally_men, awtory: Poet 👍
ay_kiz_
1 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.