bismark
30.06.2022 15:10
«Asuda hem-de ýönekeý durmuş — üstünlik gazanmakdan, artykmaç aladalardan has köp bagt getirer». Meşhur fizikden ýadygär galan bu gymmatly ýazgylar «Eýnşteýnden bagtyň salgysy» diýlip atlandyrylýar.

Meşhur fizik bu ýazgyny 1922-nji ýylda Ýaponiýada bir myhmanhana işgärine özboluşly wesýet hökmünde beripdir. Tanymal alymyň bu gymmatly ýazgysy 2017-nji ýylda Iýerusalimde geçirilen auksionda 1,56 mln amerikan dollaryna satyldy. Dünýä belli alym, tanymal fizik Albert Eýnşteýn özüniň ýiti zehini, beýik açyşlary bilen ylmyň ösmegine uly goşant goşan alym. Şol sebäpden hem onuň täsin açyşlary, oýlap-tapyjylygy, many-mazmunly pikirleri ylym üçin, dünýä jemgyýetçiligi üçin gymmatly bolsa gerek.

Mende aýratyn zehin ýok, men diňe bilesigeliji.
Bir meseläni çözmek üçin oňa sebäp bolan pikir otlusynyň ugruny üýtgetmeli.
Seni gyzyklandyrýan zadyň yzyndan galman, onuň üstünde işle. Mysal üçin, meni käbir adamlaryň gazanyp ýa-da gazanyp bilmezligi gyzyklandyrýar.
Öňüňde goýan maksadyň soňuna ýetmek üçin ýeterlik sabryň bolsun. Başlan işiň soňuna çenli dowam et. Men hem has akylly bolanlygym üçin däl-de kynçylyklara garşy soňuna çenli göreşenligim üçin maksadyma ýetýärin!
Geljek hakda hiç wagt pikilenmeýärin, çünki ol örän çalt gelýär.
Ähli zady bir wagtda, bir günde başarmak mümkin däl. Birbada birnäçe işi etjek bolýan ynsan şolaryň haýsy-da bolsa birine az üns berýändir. Ähli ünsüňi diňe şu güne gönükdir!
Wagtyň barlygynyň ýeke-täk sebäbi, hemme zadyň bir wagtda bolmaýanlygydyr.
Hyýal güýjüň saňa üstünlikleriň, şowlulyklaryň ilkinji ädimidir, aslynda ol seniň üçin zehinden hem zyýadadyr.A – durmuşyň üstünligi bolup, A=x+y+z bolsa, onda x – işlemek, y – tejribe, z – dymmaklykdyr.
Ýalňyşlyklar – kämilleşmegiň açarydyr. Hat-da kiçijik çagajyk hem ýöremegi ençeme gezek ýykylyp öwrenýändir.
Özüňi gyzyklandyrýan zatlaryňy okap, öwrenip däl-de, tejribe arkaly özleşdir. Şeýle ýol bilen maksadyňa içgin aralaşyp bolýar.
Her bir güni gowy garşylamagyň aňsat ýoly häzirki wagty netijeli peýdalanyp bilmeklikdir. Sebäbi geçen güni ýa-da geljegi üýtgetmek üçin hiç hili mümkinçilik ýok. Şu pursat bolsa heniz öz elimizde!
Tebigatyň şu güne çenli bize mälim bolan zatlarynyň müňden bir bölegini biz henizem bilemzok.
Durmuşda hiç hili täzeçilligi ýola goýman ýokary netija garaşma. Özgertmek üçin ilki özgermelidir!
Durmuş meýdanynda adam bir oýunçydyr. Durmuşyň düzgün-kadalaryny doly öwrenip, kämil oýnamaga çalyşmaly. Şonda üstünlik mydama bize ýaran bolar!
7
87
❤❤❤Gülkäbe❤❤❤
30 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Aysona1997
30 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
Poet
30 Iýun 2022
191.919 ýaşymyzy görkezýär oydyan
ay_kiz_
30 Iýun 2022
191,919👏👏👏
bismark
30 Iýun 2022
17 yasynda bolyanda
NabatMyradowa
30 Iýun 2022
Dogry eken. Men edip gordum. "171, 717" su san cykdy.😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.