Poet
30.06.2022 14:02
Ýürek sagady.

Diňle!
Onuň sesi ýöne-möne däl,
Ol bar sagatlardan başgarak güýçli.
Ol saňa şeýle bir duýgyny berýär,
Başgarak häsiýetli, başgarak tüýsli.

Diň sal
Sessizlikde batly urşuna,
Bir zatlary diýýär her bir minudy.
Belki, ýanýandyr ol bolup durşuna,
Belki, bir zatlardan bardyr umydy.

Gör,
Niçe arzuwny edipsiň yrýa,
Indi galmandyr hiç sabyr-takady.
Diňle, seniň kalbyň nämüçin urýa!
Diňle, näme diýýär ýürek sagady!
5
114
Papatya
27 Iýul 2022
Gowyy
Gussam
7 Iýul 2022
😊👍.....
Poet
2 Iýul 2022
YGurbanaly23, Sebäbi meň esasy isleýän zadym şahyr bolmak däl 👍👍👍
ylham_gurbanaly
1 Iýul 2022
Poet, Sebäp!?
Poet
1 Iýul 2022
YGurbanaly23, bagyşlaň aýdyp biljek däl.
ylham_gurbanaly
30 Iýun 2022
Poet, düşinmedik ýerim ýok. Ýöne awtoryň ady familýasy gyzyklandyrýa meni
Poet
30 Iýun 2022
YGurbanaly23, ýone degişýan, niresine dusunmedik bolsaňyz aýdyň!
ylham_gurbanaly
30 Iýun 2022
Poet, o nähili bolýar-eý !? Awtory özüňiz bolýan bolsaňyz, näme üçin düşünilmeýär???
Poet
30 Iýun 2022
Harika😇, Yrýa - ýagny (bidirek,zaýa,isrip) diýen manylary berýär. 👍
ay_kiz_
30 Iýun 2022
Gör niçe arzuwny edipsiň YRZA-MY ýa YRÝA-MY🙄 (iň soňky bent)

Gowy goşgy eken, goşgyň ady owadan ,,Ýürek sagady,,👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.