awesome
30.06.2022 00:02
Depder sahypasyndaky ýazgylar
DEPDER SAHYPASYNDAKY ÝAZGYLAR

Eziz okyjym! Men bu kitapçany kyrk ýylyň dowamynda ýazdym. Bular meniň pikirlerim... Oýlarym... Başymdan geçirenlerim... Olar armanly,
joşgunly, duýguly, käbirleri gülküli ýazgylar. Netijelerim... Aslynda, olaryň her birinden aýratyn bir eser döretse-de bolardy... Men bulary uzak oýlara çümüp ýazdym. Haýyşym, siz hem ýazgylary howlukmazdan, oýlanyp okasaňyz...
(Ötgür Haşymow)

Ýazyja obanyň kalby, şäheriň akyly gerek.

***
Çeper döredijilik şeýlekin daragt, onuň şaha­larynda umumadamzat miweleri ýetişýär, köki bolsa millilige siňýär.

***
Ýazyjy haýsy dilde eser ýazsa, şol halkyň ýa­zyjysy hasaplanýar. Muňa milletiň baglanyşygy ýok.

***
«Ýazyjylyk — iki göterim zehin, togsan sekiz göterim zähmet» diýleni hakykat bolsa, dünýä­däki garynjalaryň ählisi ýazyjy bolardy!

***
Hakyky deňizçi ummanda özüni näçe erkin duýýan bolsa, hakyky ýazyjy hem sözler umma­nynda şonça erkin ýüzmeli. Dört jümle ýazyp, dowamyna söz tapyp bilmeýänden ýazyjy çyk­maz.

***
Azap çekilip ýazylan eser rahatlyk bilen okal­ýar.

***
Göz öňüne getiriň: siz şekillendiriş sungaty muzeýine girdiňiz. Diwarlyklardaky şekilleri, suratlary, dürli keşpleri öz gözüňiz bilen görüp, täsin duýgulary başdan geçirýärsiňiz.
Göz öňüne getiriň: siz saz diňleýärsiňiz. Ýa­kymly heňi, aýdymçynyň misli jadylaýjy owazy­ny diňläp, ýene­de duýgular ummanyny gulaçla­ýarsyňyz.
Indi göz öňüne getiriň: siz kitap okaýarsyňyz. Ak kagyzda gara harplardan başga hiç zat ýok, hiç kim saz hem çalanok. Emma eseri okamaga girişeniňizden, üýtgeşik peýzaž göz öňüňizde janlanýar. Sizi söz bilen beýan ederden ejiz duý­gular gaplap alýar...
...Muňa hiç hili şek­şübhe ýok, çeper edebiýat — dünýädäki sekizinji gudrat!

***
Öz halky tanamaýan, öz halkynyň söýgüsini gazanyp bilmedik ýazyjyny dünýä okyjylarynyň söýüp biljekdigine ynanmaýaryn.

***
Kagyzyň aklygy üçin oňa söz ýazýarlar. Kagyz päk bolany üçin oňa zerre ýalyjak uçgunjyk düş­se­de, ýanyp gidýär.
Ýazyjy bolmak üçin diňe zehiniň özi bärden gaýdýar. Kalby kagyz deý ak, kagyz deý alawly ýanýan adamdan hakyky ýazyjy kemala geler.

***
Il arasynda: «Şahyr her günde bir goşgy ýaz­maly, ýazyjy her günde bir sahypany boýun eg­dirmeli» diýen gürrüňler bar. Hakykatdan­da, tikinçi her günde bir gowy köýnek tikip biler. Aşpez her günde bir gazan tagamly nahar bişi­rer. Çörekçi her günde bir tamdyr çörek ýapar. Şeýle bolansoň, şahyr näme üçin bir günde bir goşgy ýazmaly dälmiş?!
Aslyýetinde, tikinçi dükandan taýýar mata alyp, taýýar biçüw bilen köýnek tikýär. Aşpez bazardan taýýar önümleri alyp, taýýar gazan­da nahar bişirýär. Çörekçi taýýar un alyp, taýýar tamdyrda çörek ýapýar...
Döredijilik adamsy bolsa, ol isle ýazyjy bolsun, isle­de şahyr, «mata» bilen «biçüwi», «önüm» bilen «gazany», «un» bilen «tamdyry» hem özi ýaradýar. Munuň üçin ylahy zehin, ylham gerek!

***
Ýazyjy özüniň hemme duýgularyny ýekme­ýek kagyza geçirip bilmez. Kitaphon kagyzdakylaryň hemmesini duýup bilmez. Şonuň üçin­de, ýazyjynyň duýgusy okyjynyňkydan on esse güýçli.
Okaýan eseriňiz sizi çalaja ýylgyrtsa pugta belläň, ýazyjy şol sahypany joşup, gülüp ýazan­dyr. Kitap okanyňyzda, gözüňize bir katra ýaş gelse, ýazyjy şol sahypany aglap ýazandyr.

***
Çeper eser misli bina mysaly. Bir tapawudy: bina kerpiçden gurulýar, eser sözden. Indi bir zady göz öňüne getiriň: gurlan binadan ýekeje kerpiji
sogursaňyz, onuň görküne zelel ýetýär. On sany­ syny sogursaňyz, binadan derek galmaz...
Şeýle bir eserler bar, bütin­-bütin jümleleri aýyrsaňyz­da, ýüz sözi öçürseňizde, müňüsiniň ornuny çalyşsaňyz­da, hiç zat özgermeýär... Beý­le eser «bina» däl­de, harabadyr.

***
Zehinsiz ýazyjyny towuga meňzetmek müm­kin. Ýumurtgasy hoz ýalydyr welin, käkeläp çar künjege beleň berer.

***
Döredijilik — ýüz metrlik aralygy ylgap geç­mek ýaryşy däl. Döredijilik — uzak we muşak­ gatly ýol.

***
Bir kärdeşim derdindi:
— Bu günki okyjy sowatsyz eken. Meniň ga­dyryma ýetjekler ýene ýüz ýyldan doglar.
Men göwünlik berdim:
— Dogry aýdýaňyz... Ýöne ony notarial edarada tassykladyp, polat sandykda saklamak gerek. Ýüz ýyldan soň sözüňize şaýadyň tapyljagy gümana...

***
Iki sany adalatly eminiň — Okyjynyň we Wagtyň synagyndan geçen esere hakyky eser diýse bolar.

***
Ol üç perzendi bilen ýanýoldaşyny taşlap git­di­de, «Balalaryň bagtyny oýla!» diýip, şygyr ýazdy.
Nähili gaýratlylyk!

***
«Edebiýat atomdan güýçli, onuň güýjüni odun döwmäge sarp etmezlik gerek!».
Ýazyjy-­şahyrlar özleriniň döredijiliginde be­ýik özbek ýazyjysy Abdylla Kahharyň şu sözleri­ni ýörelge edinseler, tüýs jüpüne düşerdi.
Edebiýatçylar bolsa halypamyz Ozod Şara­fiddinowyň aşakdaky jümlesini özlerine şygar edinsediler...
«...Tankytçy döredijilik bagyna palta bilen däl­de, gaýçy bilen girmeli!».

***
Daýhanyň tejribesi artdygyça, ýumşy ýeňilleş­ýär, bol hasyl alýar. Binagäriň tejribesi artdygyça, ýumşy ýeňilleşýär, owadan ymaratlar gurýar. Hirurgyň tejribesi artdygyça, ýumşy ýeňilleşýär, operasiýalary şowly geçýär.
Döredijilik adamsynyň tejribesi artdygyça, ýumşy agyrlaşýar. Çünki onuň özüni tekrarla­maga haky ýok!

***
Hakykat howa çalymdaş: reňkini görmersiňiz, owazyny eşitmersiňiz, ysyny duýmarsyňyz... Emma az salym howasyz galsaňyz, boglup baş­larsyňyz. Bu kitap babatynda-­da şeýle: ýalana duş gelen okyjy howasyz galar.

***
Zehinli ýazyjy ýyldyza meňzeýär: her bir ýyldy­zyň öz düzümi bolýar. Ýyldyzlar biri­birini inkär etmeýärler, biri­biriniň düzümine­de girmeýärler.

***
— Zehinsiz zehinsizi halamasa nähili bolar?
— Hiç zat bolmaz!
— Zehinsiz zehinlini halamasa?..
— Hiç zat bolmaz!
— Zehinli zehinsizi?..
— Hiç zat bolmaz!
— A zehinli zehinlini halamasa neneň bolar?

***
Ol ýabany güllerdendi: sährada doguldy. Baha­ryň ýagmyryna ýerden dömüp, ýagty älemi gördi. Ýaprak çykardy. Emma... Gurakçylyk başlandy­-da, ýer daş deý gatady. Ol bir gysyma öwrülip, sara­lyp-­solup ugrady. Üstesine­de, ol nähilidir bir jan­dara azyk bolup, asla toprakdan saýlanmady...
Awara ýeller öwüsdi, tupan turdy. Gar ýagdy... emma ol diridi!
Ýene bahar geldi. Ýaz ýagyşlary ýagdy. Ol täze güýç bilen başyny galdyrdy. Özüni tutup, ýene­-de gol ýaýradyp ugrady. Gunça açdy. Alaw parça­sy ýaly ýalawlap, göreniň gözüni egledi. Şonda... Ony göçürip getirdiler­de, gymmatbaha güldana salyp, öýüň töründen ýer berdiler. Neneň
ajaýyp! Hiç hili gurakçylyk ýok. Şemal bedenini galdyradanok. Başyna gar ýaganok... Hemmeler oňa guwanyp bakýar. Ýöne... Näme üçindir, ol indi ösmesini bes etdi. Aradan gün geçdi... Hepde geçdi... Aý geçdi...
...Ony alagada zyňdylar­da, gymmatbaha gül­dana başga gül getirdiler...

***
Palta bilen galam biri-­birine meňzeş gurallar däl, emma wezipeleri çalymdaş.
Palta: odunçynyň golunda zähmet guraly, hü­närmendiň golunda senet guraly.
Galam: sowatlynyň golunda zähmet guraly, ýazyjynyň golunda senet guraly.

***
Gadymy himikler gyzylyň saplygyny barla­mak üçin mähekdaş ulanypdyrlar. Ýazyjynyň sözüni mähege meňzedeliň: bir jümle hakykaty beýan etse, müňleriň alkyşyny alýar, bir jümle ýalany üçin müňleriň gargyşyna galýar...
Ýazyjynyň ulug bagty hem, ulug bagtsyzlygy hem şonda!

***
Mekdep mugallymynyň sözi otuz okuwça ýet­ýär. Uniwersitetiň mugallymynyň sözi ýüz taly­ba ýetýär. Nutukçynyň sözi müň diňleýjä ýetýär. Ýazyjynyň sözi bir ýola on müň, ýüz müň oky­ja ýetip barýar. Diýmek, onuň söz ussatlygy­da, özgeleriňkiden müň esse artyk bolmaly.

***
Talantsyzlar ýowuz niýetde biri­-biri bilen bir­leşýän ekenler. Talantlylaryň hem ýagşy niýetde birleşmegi zerur.

***
Ulug zehin owal halkyň ünsüni çekmegi ba­şarmaly, soňra halkyň söýgüsini we halkyň yna­myny gazanmaly. Aslynda, şu üç tapgyryň her biri bir ömre deň...

Özbek ýazyjysy: Ötgür HAŞYMOW
Özbek dilinden terjime eden: Atamyrat ÝAZWELIÝEW
6
48
ylham_gurbanaly
30 Iýun 2022
Şulary oklap goýsana jimeýle. Aýtýanlaryňy iberdim barandyra;)
Возможность комментирования данной публикации было отключена.