Düwürtüklere çözüm gözleseň...
29.06.2022
1
Saglyk
115
5 513

Bu makalada limonyň deri üçin peýdalary barada maglumat bermekçi. Derini tebigy usullar bilen täzelemek, arassalamak we janlandyrmak üçin iň  halanýan  usullaryň biri bu – limondyr. Limony ýüzdäki deri problemalaryndan dynmak üçin ulanyp bileris.

Limonyň deri üçin peýdalary 


• Gara nokatlary arassalaýar we doly ýok edýär.

• Deriniň gözeneklerini bakteriýalardan arassalaýar

• Deriniň meneklerini we tegmillerini ýok edýär

• Öli öýjükleriň aýrylmagyny üpjün edýär

• Derini agartmaklygy we ýumşatmagy üpjün edýär

• Şunlukda düwürtikleriň çeşmesi kesilenine görä düwürtikleriň öňüni alýar we bar bolsa ýok edýär...


💦Aşa ýagly derileri bolan adamlar limon bilen ýaglylygyň deňagramlylygyny gazanyp bilerler.

Bal we tebigy zeýtun ýagy limon şiresi bilen garylyp, ýüz üçin maska hökmünde ulanylanyp bilersiňiz. Derini tebigy nemlendiriji hökmünde ulanylýan bu maskany 15 minut goýmaly we ýyly suw bilen ýuwmaly. Gözüň töweregine ulanylmaly däldir! Limon maskasy hepdede bir gezek ulanylyp bilner. Bu maska deriniň çyglylygyny, ýaglylygyny kadalaşdyrýar.

 🍋Gury derini nemlendirýän limon, kislotaly gurluşy sebäpli gözenekleri berkitmek bilen kollagen önümçiligini ýokarlandyrýar.

🥀Limonyň deri üçin peýdalary ölen deriniň bedeniňizden aýrylmagy esasynda ýüze çykýar.

Ölen derini aýyrýan limon kislotasynyň iň täsirli tebigy maddadygyny aýdyp bilerin.

⚪Limonyň başga bir aýratynlygy derini agartmakdyr.

Deriňiziň reňkini ýeňilleşdirip açmak isleseňiz, ýene-de limon ulanmak bolar. Esasanam deriňizdäki tegmilleri aýyrmak bilen has ýagty derini gazanyp bilersiňiz. 

Limon suwunyň derä ýetirýän peýdalary deriňize düýpgöter üýtgeşik täsir edýär. Esasanam gormonal ulgamyň bozuklygy esasynda dörän goýy yzlar hemişelik galyjy diýip bilýäris. Emma deriňizde reňk üýtgemegini üpjün edýän melanin pigmenti limon suwunyň düzümindäki maddalar bilen basylyp bilinýär... Melanin pigmenti deriňiziň reňk pigmentasiýasynyň üýtgemegine sebäp bolýar. Limon şiresi melanin pigmentiniň täsirini peseldýär we deriňiziň garalmagynyň öňüni alýar. Beýleki tarapdan, kollagen süýümlerine täsir etmegi hem başarýar.

❗Ähli zadyň çenden aşasynyň zyýan bolşy ýaly bu maskanyň hem çenden aşa köp ulanylmagy hem deri problemalaryna ýol açyp biler. (Günde ulanmaklyk meselem)... Şeýle-de limona durnuksyz deriňiz bolsa, allergiki reaksiýalaryňyz bar bolsa asla ulanmaň!


timk
19 May 2024
Name etmeli
arabica
11 May 2024
👍
1307
23 Fewral 2024
Allergiya beremi hepde nace gun etmeli
ezizmuhammet
25 Yanwar 2024
Nadip ulanmaly yone goymalymy ya basga zat etmeli limony
altyyewa
21 Yanwar 2024
@tim_, alirgiya berip biler yone
susom
9 Yanwar 2024
@kime, salam
kime
9 Yanwar 2024
Gowmy
kime
9 Yanwar 2024
Gowmy
hijz
7 Yanwar 2024
Barlap goreli
tamd
21 Dekabr 2023
Lımonun suwuny yuzune calmalymy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.