awesome
29.06.2022 00:16
Mynajat

Eger, bir ýaman söz sypsa dilimden,
Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.
Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi
Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.

Sen — Hudaý isleseň, islemeseňem,
Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga
Jinnek ýalam takat galmandy mende.

Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni,
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?

Kisäm kör-köpüksiz, ýat dilde gepläp,
Kömek sorap ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly
Huzuryňda durmanmydym kemşerip?

Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga,
Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediň şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müň sany perişdäň?

Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimanly bokala.
Elbetde, şol günleň ajysy hakda
Ýazyp bordy kitap ýa-da makala.

Emma men ýazmadym, elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Ýeri, diýdimem-dä, peýdasy näme?
İç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.

Dogry içen wagtym teselli tapýan,
Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.

Barybir, ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň!?

Çary Ýegenmyradow
7
118
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, ýok.wagtymam ýok başgalaryna girmäge. Sagboluň.
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, prog diýip şu ýeri nazarda tutduňyzmy?
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, mümkin.
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, bu ýer wirtual sesimizi eşitmän ýazgylar bn düşünşýäs, şonuň üçin beýle düşünişmezlik bolup biler herkim arasynda ;).
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, men ol ýerde *,, men siziň pikirňize ýalňyş düşündimmikäm, ýene bir sapar giňişleýin ýazsaňyz" ýaly komentariýany görmedim. Onnaň menem isleýşiňiz ýaly jogap bermän, ýazyş stiliňize görä jogap bermek zerurýetinde galdym
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, ýokarda siz meniň pikirimi soramankaňyz pikirimi ýazypdym aslynda. Onnaňam kimdir biriniň pikiri ,,*düşünmediňmi okaňda🤔🙄" diýip soralmaýar.
Kak butto men size düşünmedim haýyş düşündiräýin diýen ýaly 🙄 emojini goýupsyňyz
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺,Ýer ýüzünde näçe sany adam bar bolsa şonça-da düşünje we dürlüçilik bar. Eger Allajan islesedi ýer ýüzündäki hemme adamlaryň pikirlenip biliş derejesini bir meňzeş ederdi. Şonuň üçin beýlekileri düşünjeleri bilen kemsitmäni, dürlülige hormat goýalyň. Men ne siziň, ne beýlekileriň pikirlerine garşylyk bildiremok, diňe goşgy barada düşünjämi ýazdym. Goşgy barada negatiw pikirlerniz bar bolsa goşgyny ýazgaryň, meniň komentariýamy däl. Sagboluň!
Radaguna.
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, *Jigim diýýäňizmi?

Zümerret🌺, duruň hany men size düşünmedim diýdimmi?
Radaguna.
29 Iýun 2022
Alla bilen ikiçäk söhbet edýän ýaly edip düzülen. Derdini Allajana aýdýan adam
Şu goşgyny ýazan listini göresim geldi, setirleriň üstünde göz ýaş damjalary hem ýer edendir ...
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Kyýas2017, hemşeri diýmek dost, gatnaşyk edilýän adam diýmek
Возможность комментирования данной публикации было отключена.