28.06.2022
Çaý başynda: dürli halklaryň çaý däpleri !
Köp halklaryň iň esasy içgisi diýilse hakykata laýyk bolsa gerek. Her halkyň çaý içmek däbi bolsa asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, medeniýete ornan özboluşlylykdyr.
Dünýä halklarynyň çaý demleýşinde we çaý içmek dessurynda nähili tapawutlar barka? Şunuň bilen bagly 5 dürli halkyň çaý däplerine seredip geçeliň.
Ýaponiýa
Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýada çaý içmek sungaty samuraý elitalarynyň arasynda häzirki sungatyň «Týanýu» diýlip atlandyrylýan dörän döwründe, başlangyjynda meşhurlyga eýe bolup ugrapdyr. Bu ýerde çaý däbine has inçelik bilen garalypdyr hem-de onuň ýüzlerçe hili düzgüni ýüze çykypdyr.
Ýaponlar her gün nahardan öň ýa-da ondan biraz soňra birnäçe bulgur çaý içýärler. Bu ýurtda çaýyň ýany bilen şeker ýa-da süýjülik uzatmak adaty ýagdaý däldir.
Hytaý
Hytaý halkynda çaý içmek däbi müňlerçe ýyllap öz aýratynlygyny saklap gelýän mukaddes dessur hasap edilýär. Ol guşlaryň jürküldisini ýa-da çeşmäniň sesini ýadyňa salýan täsin, mylaýym sazyň sesi bilen utgaşdyrylýar.
Olar çaýy ilki «gaýwan» diýlip atlandyrylýan ýörite bulgura guýýarlar we ondan hem çaý içýän bulgurlaryna geçirýärler.
Tibet
«Çasuýma» — bu tagamy boýunça turşumtyk kumys içgisine meňzeş bolan, tibet halkynyň milli içgisi. Bu içgi çaý ýapraklaryny ýak öküziniň süýdüne goşup, birnäçe sagat goýmak arkaly alynýar. Ajymtyk tagamly çaý kaloriýalara baý we dokundyryjy häsiýete eýedir. Ony hödür etmezden öňinçä, çaýa duz ýa-da ýag goşýarlar.
Angliýa
«Süýtli çaý» ýa-da «Five o’clock Tea» diýen jümleleri eşiden mahalyňyz olary näme bilen baglanyşdyrýarsyňyz? Elbetde, Angliýa bilen.
Iňlisler günüň dowamynda 5 bulgur çaý içýärler diýen pikir köpleriň hakydasynda bar bolsa gerek. Adata görä, dumanly Albionyň milleti gyzdyrylan süýdüň üstüne çaý guýýarlar. Şeýle edilende çaýyň tagamynda has ýumşaklyk duýulýar.
Türkiýe
Türkiýäni iň köp çaý içýän ýurtlaryň biri hökmünde hasap etmek bolar. Sebäbi türk halkynyň her bir ýaşaýjysy ýylyň dowamynda ortaça 2,5 kilogram çaý satyn alýar. Bu ilde hiç bir gürrüňem, söhbetem ýa-da maşgala bolup bir saçagyň başyna üýşmegi hem çaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Türkler çaýy iki gatdan ybarat bolan çäýnege — «Çaýdanlyga» demläp, içine şeker bölegi ýa-da miwe kişdeleri goşulyp içilýän «armudu» atlandyrylýan aýna bulgurlarda uzadýarlar.