❤GÜLHANYYM❤
28.06.2022 21:38
Gutlanmadyk toý🖋

Mekan gulaklarynyñ eşitýänini özi ynanmady,esli wagt jaña jogap bermän doñup durdy.Ejesiniñ"-Goñşymyz Gülnarjanam durmuşa çykýar"-diýen,habary Mekanyñ añynda ýañlandy durdy.Bir başdan bile okan gülkili günlerini ýatlady,eden süýji arzuwlarynyñ şeýle tiz hyýal bolanyna,durmuşynda nämeden güýç alanyna düşündi.Mekany alasarmyk duýgular gurşap aldy,hat-da ol ejesine Gülnaryñ kime durmuşa çykýanyny hem soramady.Dogrusy indi ol gürrüñler gyzyklandyrmady.Mekanyñ kalby boşap galdy,durmuşy düýpgöter üýtgedi,özüni alyp baryşy hem öñkileri ýaly bolmady.Ýigitler bilenem gürrüñleşmäge höweslenmedi.Dostlary bu ahwaly añdylar,ýöne Mekandan halynyñ näme üçin harapdygyny soramadylar sebäbi jogabynyñ nämedigini bilinipdi.Ýarasyna duz basmajak bolup ýagdaýyny soraman başardyklaryndan ünsüni başga zada çekjek boldular.
Gülnar üçin goñşy obalardan hem ýitgisini gözläp gelenler az däldi.Bir gün Gülnar işden gelende gelnejesi bilen görüşdi.

-Gülnarjan sag amanja geldiñmi.Işleriñ gowy geçýärmi?

-Hawa gelnejeSapaklarym örän hezil geçýär.

-Saña bir habarym bar...

-Gowuçylykmy?

-Bu gün Maral gelnejeler seni sorap sawçulyga geldiler.Baýram synpdaşyñ...

Gülnaryñ ýüzi gyzardy,başyny atyp öz otagyna geçdi.Çaý başynda Bibi gelneje hem toýly gürrüñi gozgady.

-Gyzym sañada wagt boldy.Haçana çenli geleni gaýtarjak oturjak?

Gülnaryñ jogaby bolmady.Bibi gelneje gelnine Gülnar bilen gowja gürleşmegini tabşyrdy.
Täze guda tarap hoş sözi alyp,toý şaýyny tutmagyñ ugruna çykdylar.Günleriñ bir güni şeýle waka boldy.
Gyş paslydy,gar tozgalary emaý bilen ýere düşüp,daş-töwerek akja gara büredi.Iş wagty tamamlananyndan soñ Gülnar tebigata syn etmek üçin,öýlerine ýòräp gitmek isledi.Darajyk ýoldan howlukman tebigatyñ gözelliginden doýup bilmän gelýän Gülnaryñ gözleri jykyr-jykyr gülüşip gar oýnaýan çagajyklara düşdi.Emma duýdansyz ýoluñ añyry gyrasyndan badyny saklap bilmän gelýän ulag ýedi ýaşlaryndaky oglanjyga has golaýlaşdy.Gülnar aljyrap ädimlerini has batlandyrdy,oglanjygy halas etmäge çalyşdy.Bu ahwala töwerekdäki hemme çaga gorkdy,Gülnar hem.Näme bolsada çagany halas etmelidi.Gülnar uly ynamy bilen oglanjygyñ ýanyna golaýlaşdy ýöne...
10
82
❤GÜLHANYYM❤
3 Iýul 2022
Zümerret🌺,sagbol;)🌹
❤GÜLHANYYM❤
29 Iýun 2022
Perman.,спасибо:)
unknown_12
29 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤,👍👍👍👏👏👏гутлаян
❤GÜLHANYYM❤
29 Iýun 2022
Ahally_men,düşünersiñiz 1-nji bölüminden okap başlasañyz.Hawa çalt,wagtymyñ ýoklygy sebäp bolýar,ýetmeli ýerlerim kän,wagt gerek:(
ŞirnazarTaganow
29 Iýun 2022
👍👍.....
Ahally_men
29 Iýun 2022
Gaty agyr hekaýa, düşünmek kyn, wakalar gaty çalt geçýär...
sahyrlar_we_men
28 Iýun 2022
"yone awariya boldy gerek" garaz dowamyna garasyan.
ylham_1989
28 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.