awesome
28.06.2022 15:41
DÖRTLEMELER, RUBAGYLAR

• Durmuşyň ýoly

Kimse barýar ot göterip bu ýoldan,
Kimse ýeke gysym kül alyp barýar.
Kim ýarag göterýär ýagşy net bilen,
Kim gara päl bilen gül alyp barýar.

* * *

Ýyllar gurçuk deýin barsa-da süýşüp,
Ömür gülle kimin sygyryp geçýär.
Durmuş meýin äwmän owurtlan adam
Ajalyň badasyn bir demde içýär.

* * *

“It üýrer — diýipdirler — kerwenem geçer”,
Ondan bäri üýtgäp gitdi bu dünýä.
Ne-hä itiň sesi gelýär alysdan,
Ne yranyp barýan kerwen görünýär.

* * *

• Türkmeni gepletme

Häkimiýet nyrh kesdi, geçmedim sana,
Ýürejigmi çöwrüp başa geýdiler.
Öz öýümde döndürdiler myhmana,
Myhmanhana bardym — “Ýer ýok” diýdiler.

* * *

Gutarýan alada sataşmadym hiç,
Birem gutarmaýan pula duşmadym.
Täze dörän gul bazarna aýlanyp,
Azatlyk isleýän gula duşmadym.

* * *

Bilebilmen, ne döw çaldy türkmene,
Argyşdan gelen dek süýnüp ýatyr ol.
Için hümledip ýör ýeke-ýekeden,
Üýşürseňem, el çarpyşyp otyr ol.

* * *

Bu ne asyr, rahat oturan ilden
Janhowluna urnup ýören bosgun kän.
Bu ne döwür, duşmanyň köp dirikäň,
Ne zamana, öleňden soň dostuň kän.

* * *

Bäş wagtyna eglip galan türkmenim,
Näme beýle egildiň-de, galmadyň?!
Ýasda aglap, toýda gülen türkmenim,
Ähli günüň ýas boldy-la, gülmediň.

* * *

Gör, kime şam boldy baýlygyň-aşyň,
Galdyr ýüzüň, gara töwerek daşyň.
Diňe ar-namys diýp goýupdyň başyň,
Nätjek, bu gün namysdanam ölmediň.

* * *

Öleýin diýib-ä ölüp bolmasa,
Ýaşaýyn diýibem, ýaşap bolmasa,
Eýsem öljek bolup ýaşamalymy
Ýa ýaşajak bolup, öläýmelimi?!

* * *

Bogýar meni ak berýozaň tokaýy,
Huşumda, düýşümde ýowşanly meýdan.
Indi diňe ýere bakyp gezýän men,
Bilip gökden maňa ýokdugyn peýdaň.

* * *

Gara garga ýerde poh dörjeläp ýör,
Al-asmanda aşyr atýar kepderi.
Pohy dörmeg-ä däl, iýseňem bolýar,
Soňra ýazaýmaly toba depderi.

* * *

Ähli kişi düşünmese bir zada,
Bir kişi bar zady bilýän bolmaly.
Ýurduň içi agy bolsa durşuna,
Hol ýokarda biri gülýän bolmaly.

* * *

Hasap ýitdi: at känmi ýa eşek kän?
Eýeriň gaňňadan tapawudy ýok.
Dirikäň bolanok gybat eşitmän,
Öleňsoň öwgini eşdip bolanok.

* * *

Kimiň ýüki namys, wah, ýöne gedaý.
Kim wyždana gedaý, ýöne deýýus baý.
Berjek bolsaň garyba-da ber bir zat,
Baý doýar, dirä garaşma, Hudaý!

* * *

Bolmaýar Watanyň uly-kiçisi,
Ilin terk edene giň jahan dardyr.
Bir ýat ülkäň bilbilinden irenler
Aňňyrýan eşegiň sesine zardyr.

* * *

Adamlaň deň ýary kitaphanada,
Galan ýary meýhanada meý içýär.
Bir-birin görende iki tarapam
“Heý, betbagt” diýip, gynanyp geçýär.

* * *

Bir düşnükli sözüň ýeterlik wagty
Kime gerekmişin ullakan eser?!
Kämahal näz bilen towlanan zülpüň
Täsiri aýalyň özünden ýeser.

* * *

• Mazar daşyna mynasyp ýazgy

Günde bäş wagtyna namaz deregne
Bäş ömür ýaşaýjak dek bir egne,
Bäş şaýyň ugrunda zorladym jany,
Giç tanadym, bäş günlükmiş bu pany.

* * *

• Gelin we şahyr

— Garrap ýörmüň, çöküp ýörmi göwünler,
Soňky wagtlar söýgi hakda ýazaňok.
— Belki-de şeýledir, ýöne bu günler
Söýşüp ýörün, goşga elim degenok.

* * *

Eý, ýa Taňrym, ne beýle biz türkana,
Ýaraňjaňlyk edip bir köwekhana,
Ne ýatyrdyk merhumlary arkaýyn,
Ne ýaşatdyk dirileri erkana.

* * *

Durmuş sapagynyň bolmaz artygy,
Pelek — elek, saýlar çäji-harpygy.
Daş ýaly ýumrukdan gaty bor eken
Halal gazanylan aýal şarpygy.

* * *

Hiç kim bolsaň, hiç kim gujak gerenok,
Garyp bolsaň, algylyňam berenok.
Türkmeniň-ä sesi ýetenok Taňra,
Taňryňam türkmeni gözi görenok.

* * *

Bu ne millet, bir-birinden ürkmeli,
Ýüzüňe ýylgyryp, awy pürkmeli.
It uruş diýerdiň ozallar, türkmen,
Indi itler uruşdyrýar türkmeni.

Şiraly NURMYRADOW
7
88
gulshatayewa97
28 Iýun 2022
Gutarýan alada sataşmadym hiç, birem gutarmaýan pula duşmadym👏👏👏
ylham_gurbanaly
28 Iýun 2022
Peri, bolya gorkezerin)Zümerret🌺, hawa şoňa meňzeşi bar)
ylham_gurbanaly
28 Iýun 2022
Zümerret🌺, ganymatja ýetene meňzenok, durmušdan närza, durmuşdan doýan)

Peri, men Omar Haýýamyň edil şol tipdäki goşgysyny tapyp bererin)
ylham_gurbanaly
28 Iýun 2022
Adamlaň deň ýary kitaphanada, Galan ýary meýhanada meý içýär " Omar Haýýamy ýatlatýa birhili, ýa özümikä?🤔 Şunuň goşgylarnyň çeşmesi nirde?
Возможность комментирования данной публикации было отключена.