❤GÜLHANYYM❤
27.06.2022 21:05
Gutlanmadyk toý🖋

Mekanyñ ejesi Şeker gelneje dünýä garaýşy uly,hem-de örän ynjyk aýaldy.Çagalaryny hem berk düzgün tertipli edip ýetişdiripdi.Saçak başynda döwletli gürrüñ edildi.

-Oglum tüweleme sag amanja bilimiñi artdyryp,okuwuñam tamamladyñ.Indi Watan öñündäki borjuñy ýerine ýetirip geleniñden soñ işe ýerleşersiñ.Saña gelinligem özümjik saýlap goýdum.Eli işli,aý ýaly, asylly gyz,senem tanaýañ.Meniñem agtyk söýüp,siziñ bagtyñyza begenip oturasym gelýär-diýip, ogluna çaýly käsäni uzatdy.

"-Ejemä ýene-de öñki heñine başlady.Okuwdan gele-gelmän Gülnarlara bar diýsem nähili bolar.Intäk wagt bara,soñ bir gün aýdaryn"-diýip, içini gepletdi.
Mekanyñ çaý bilenem hoşy bolmady.Ejesiniñ haýsy gyz barada aýtýandygyny bilýärdi,öñlerem kän sapar gaýtalapdy.Ol Şeker gelnejäniñ jorasynyñ gyzy,Soltandy.

Ýaldyrap dogan gün ýeriñ ýüzüne öz nurundan paýlady.Bu gün Gurbanyñ toýuna synpdaşlary sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.Mekan Baýramy özüne has ýakyn saýýardy,näme derdi bolsada Baýram bilen paýlaşýardy.Käbir häsiýetleri hem deñ gelýärdi.Iki dost toýa bile gitdiler.Baýram obada bolan täzelikler bilen Mekany tanyşdyrdy.Gülnar hem esli wagt görmedik synpdaşlaryny toýda görüp begendi.Toý etýän ýaşlaryñ daşyndan boýdaşlary şowhunly tans edip aýlandylar.
Hemmelerden saýlanyp duran Gülnara nazaryny diken Mekan"-Bir günlerden bir gün meniñem arzuwym hasyl bolar.Bizede şeýle bagt berler,ömrümiñ ahyryna çenli seni hiç ynjytmaryn,ynjytdyrmaryn,dünýämiñ manysy bolduñ.Gözlerimi açdyñ,durmuşa bolan höwesimi artdyrdyñ.Meniñ bagtym..."diýip,ýenede arzuw etdi.

Toý sowuldy.Kän wagt geçmänkä Mekany gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin alyp gitdiler.Mekan Watanyny jany,teni bilen berk durup gorajakdygyna kasam etdi.Gülnar bolsa mekdepde mugallym bolup işe ýerleşdi.Çagalara okuwdan daşary bilim bermäge çalyşdy.Okuwçylaryñ hemmesi Gülnar mugallymy özlerine ýakyn gördiler.Gülnar çagalary gowy görýändigi sebäpli,sapaklary tamamlansada gaýdasy gelmedi.Her gün işe höwes bilen gitýärdi,çagalar üçin gyzykly maglumatlar taýýarlaýardy.
Mekan hyýaly arzuwlarynyñ içinde ýeke özi ýüzýärdi.Gülnar bilen bagtly günlerini göz öñüne getirip uka gitýärdi.Maşgalasy bilen hem kä wagt saglyk,amanlyk soraşýardylar.
Her saparkylary ýaly hem obada näme üýtgeşmeleñ,täzelikleriñ bardygyny soranda,ejesiniñ beren jogaby Mekanyñ üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.Mekan gulaklarynyñ eşitýänini özi hem ynanmady,esli wagt jaña jogap bermän,gözüni bir nokada dikip doñup durdy....
12
111
ay_kiz_
28 Iýun 2022
Trend🤗🤗🤗🤗
ŞirnazarTaganow
28 Iýun 2022
❤GÜLHANYYM❤,howwa ......👍👍
❤GÜLHANYYM❤
27 Iýun 2022
Biz kä wagtlar ýeri gelende hem ýüregimiziñ diýjek sözlerini aýtmana çekinýäs.Ýatda saklamaly şol aýdylmadyk sözleriñ tutuş durmuşyñy üýtgetýändigini:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.