Özüme.
Dogrymy, ýalňyşmy ýokdur bahasy.
Diýjek sözüň nädip diýmek - esasy.
Nädip diýmeldigni bilmeseň özüň,
Ýekeje söz bilen döwüler göwün.
...Ýekeje söz bilen döwülen göwün,
Sen bilmersiň, bolýar şeýle bir düwün.
Şol düwünler ýene, ýene-de düwün,
Soňra, teý-ahyry çözülýär bir gün.
Emma şol gün
Birine düwün yasanňy
Bilmersiň özüň.