sahyrlar_we_men
26.06.2022 22:49
Erk hakynda gosgy

Hemme bilyär- erki bolyar her kimiñ,
Meniñem payyma birisi düsdi.
Göwnüne degmezdim lälik erkimiñ,
Son ucin aldy-da dasyma gecdi.

Günäsizmi ya-da gunalimidi,
"Yör" diyse yzyna dusaymelidi.
Mün diyse saginman munaymelidi,
Düs diyse saginman dusaymelidi.

Gijeki peydasyz otyrlysyklar,
Manyzsyz jedeller, manysyz sözler.
Edilyan gybatlar-"opyrlysyklar"
Akyllysyrayan akylsyz gozler.

Syzdym: bulañ bary gerekmez zatdy,
Peslikdigini-de oran berk syzdym.
Yone erkim weli, diysen bezzatdy,
Erkim bardy, emma yene erksizdim.

Syzdym su erk bolmasa, ruhum serimde,
Bu durmus, bu wagtyn manysy bolmaz.
Yazylmaz yazyljak eserlerim-de,
Okap biljek dessanlarym okalmaz

Munuñ ozi $um duys görup uklama,
Munun ozi dine bosluga elter.
Agsamky hayp ceken minutlaryma,
Seydip basym yaykap okunyan erte.

Emm agsam yuregimde tirpildi,
Otyryn. Goz welin sol penjirede.
Ine, barmak ayna kakyar tyrkyldy,
Men gidyarin bos dunyame yene-de.

...Men ahyr otyrdym hyyala batdym,
"Natmeli? Bu lälik erki natmeli?"
Az yöräp, kop yorap bir pikre yetdim:
Ony it yenjenden beter yencmeli!

Men ony tutdum-da dandym erige,
Son erikden cygly cybyk kesindim.
"Ilkinji urgyny haysy yerine
Ecilsemkam" diyip, esli kosendim.

Wagtym az bolsa-da, bolsa-da is kän,
Bar isimi goyup urdum men urdum.
Urdukca urmaga acyldy isdäm,
Urdukca beygeldi, guyjedi ruhum.

Ony tertip bilen alty gun saydym,
Wagt bolupdyr hezile edinerce-de.
Ozunden gidenne dusunip aydyñ.
Bosatdym bagyndan yedilenjide.

Bosatdym, ozumi halymsyrayan,
Erkimiñ onunde coken duygudan.
Manysyz bolsa-da manylsyrayan,
Sowsuz otyrsyklar, sowsuz soyguden.

Salam berdim bu durmusa tazeden,
Birden wagtym many bilen gaplandy.
Bir wagtlar garsy cyksam näz eden,
Erkim urgylarda makam taplandy.

Eger gunleñ biri tozadyp cañyn,
Bir bos dunya cagyraysa erkiniz,
Erk tapyn siz seyle erki danmaga,
Sonra tayak bilen berin merkine.

Yazan: Gurbannazar Ezizow
7
54
kyyas2017
26 Iýun 2022
👍❤👍👍👍👍👍
sahyrlar_we_men
26 Iýun 2022
Gussam, Salam.🙂
Gussam
26 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN, salam.😊
Relax
26 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN,walekimsalam tüweleme udaci👏
sahyrlar_we_men
26 Iýun 2022
Salam hemma. Ertir nesip bolsa oz yazan "erk hakynda gosgy" diyen gosgymy postda goyaryn.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.