Bolan waka(1-nji bölüm)
Bu gûn öñki günler ýaly birmeñzeş bolmady.Säher bilen guşlaryñ jürküldisi Gülnaryñ göwnüni heýjana getirdi.Gülnar ýokary okuw jaýynda bilimini artdyryp,täze durmuşa gadam basýardy.Has dogrusy bu gün talyplyk ýyllarynyñ soñky günüdi.Täze iş orunlaryny eýelemek Gülnary begendirsede,bir tarapdan ony näme-dir bir zat gynandyrýardy.Gyzlaryñ arasynda Gülnar duýguly dünýãsi bilen söhbetdeş boldy.
"-Ençe wagtlar talyp bolmagyñ arzuwyny edip,kitaplar bilen daña çykýardym.Gör nähili gözel eken,arzuwlaryñ yzyndan ylgamak.Wagt salym berenok.Asyl çaga wagtym ejemiñ köp gaýtalaýan"-Okan bolsañam,ýene-de oka,öwren" sözlerine biparh garaýardym.Meniñ şu günlerime ýetmegimiñ sebäpkäri käýinç hasaplan terbiýe,ündewli sözleri boldy.Enemiñ atamyñ abraýyny hasda belende göterip,ýene jan edip öz işimiñ ussady bolaryn."
Şol wagt Mekan peýda boldy.Gülnar bilen Mekan çagalykdan bile oýnap ulalandylar.Goñşy bolandyklary sebäpli mekdebede bile gatnardylar.Mekan ýokary okuwunam Gülnaryñ saýlan ugrundan saýlapdy.Elbetde bu hereketleriñ añyrsynda bir zatlar bardy.Mekan:
-Gülnar salam.Uly adam bolaýýasmy?!
-Salam.Hawa,ýöne meniñ talyplyk ýyllarymdam daşlaşasym gelenok.Doganym ýaly boldy ählisi.
-Käbirlerä dogandanam ýakynlaşyp gitdi.Ýok käbirleri däl biri-diýip,Gülnaryñ ýüzüne seretdi.Gülnar Mekanyñ näme diýmek isleýändigini duýdy.Şonuñ üçinem gürrüñi uzaltman,başga ýana sowdy.
-Ýogsada oba gitmekçimi?!Tüweleme toýçulyk eken.
-Hawa eşitdim.Hemmesi biziñ boşan wagtlarymyza bilip bellän ýaly sähetlerinem.Elbetde bile giders-diýdi-de, Gülnaryñ ýüzüne soragly seretdi.
Gürrüñleşip durmaga wagt bolmady.Dabara şowly geçdi,synaglary hem gowy bahalar bilen tamaladylar.Gülnar oba gaýtmak üçin goşlaryny jemledi.Mekan hasda begenýärdi.Sebäbi öýlerine baran dessine ejesine Gülnar barada aýdyp,myhmançylyga ugratjakdy.Ýoluñ uzaklygy hem bildirtmedi.Mekan her zatdan söz açyp Gülnaryñ içini gysdyrman ýol boly gürrüñdeş bolup geldiler.Obanyñ bir çetinden girip başlanlarynda Gülnar çagalyk günleriniñ ýatlamalaryna özüni atdy.Gülnar howla giren badyna ençe ýagtlap gözüni ýola dikip oturan saçlaryna gar sepilen,mähriban enesini görende gözleri duýdansyzja ýaşa doldy.Ädimlerini çaltlaşdyryp,garsa gujaklady.Ýyllaryñ goýan ýygyrtlary,damagyny doldyrdy.Soñra gyzy üçin tagam taýýarlap ýören Bibi gelneje gyzynyñ gelenini görüp ýüregi gowsundy.Otdan suwdan gorap kelama getiren ýekeje gyz perzendidi.Saçak başyna jem bolup agzybirlikde nahar edindiler.Gülnar soñra çaý demläp gürrüñ edip biri birleriniñ nazarlaryndan doýmady.Şol wagt saçyny edil Gülnaryñky ýaly edip ören Jeren Gülnaryñ gapdalyna gelip otyrdy.Jeren her bir hereketlerini doganyna meñzemek isleýärdi.Şol pursat çagalar bilen oýnap gelen Çaryjyk howla girdi.Onuñ elinde del oýnawaç bardy.Muny gören Gülnaryñ gelnejesi oglunyñ başga çagalaryñ oýnawajyny alyp gelendigini bilip,arkasyna şapbat çaldy.Bu ahwaly görüp Ogulbossan ene gelnine ýüzlendi.
-Jan gelin çaga düşündir.Ýaş beýni hemme zat añynda galýar.Ýagşy görelde görketjek bol.Ýeri alsa alypdyrda başga çaganyñ oýnawajyny,öýe alyp gaýtmaly däldigini,alsada yzyna bermelidigini sypaýçylyk bilen,edil çaga ýaly sada dilde düşündir.Şeýle etseñ gowy görelde bolar"-diýip,agtyjagy Çarynyñ başyndan sypalady.
Uz yaşmakly gelin "Bolýa" diýen äheñde başyny atdy.Gülnar ýüzi nurly enesiniñ,garran ýumşak ýygyrtly ellerinden pugta gysdy-da,kellesini dyzynda goýup mährinden gandy.
Mekan hem maşgalasy bilen görüşdi.Ýöne näme üçindir ejesiniñ aýdyp beren gürrüñlerinden soñ Gülnar hakda söz açasy gelmedi....
🖋Muhammedowa