Relax
26.06.2022 20:41
Samsung Galaxy smartfonlarynyň çygdan suwdan goraglylygy barada ýalňyşlyga getirýän mahabaty ýaýradandygy üçin 9,7 mln dollar möçberinde jerime tölär. Bu barada Awstraliýanyň bäsdeşlik we sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça komissiýasynyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, gazeta.ru habar berýär. 

Edaranyň bellemegine görä, Samsung 2016-njy ýylyň mart aýyndan 2018-nji ýylyň oktýabr aýy aralygynda dokuz sany mahabat materialyny çykardy we olarda kompaniýanyň smartfonlarynyň basseýnlerde we deňizde ulanmak üçin laýykdygy aýdylýar. Mahabat kampaniýalary Facebook-da, Twitter-de, Instagram-da, kompaniýanyň saýtynda we dükanlarda geçirildi.

Gözegçilik edarasy suwda ulanylandan soň telefon bilen bagly näsazlyklaryň ýüze çykandygyny tassyklaýan ulanyjylaryň ýüzlerçe arzasyna garady. Käbir ýagdaýlarda gurluşlar işlemegini düýbünden bes etdi.

Samsung-yň Awstraliýadaky bölümçesi smartfony basseýne ýa-da deňiz suwuna çümdürseň, zarýad beriji üçin bölek ýeriň korroziýa sezewar bolup, işlemegini bes edip biljekdigini boýun aldy.

Belli bolşy ýaly, bu näsazlyk diňe Samsung Galaxy S7, S7 Edge, A5 (2017), A7 (2017), S8, S8 Plus we Note 8 smartfonlaryna degişlidir.

5
85
Relax
26 Iýun 2022
Crazy,salam govy ozunnn (bilmedim)
ay_kiz_
26 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN, gowy menem Hudaýa şükür😊😇
sahyrlar_we_men
26 Iýun 2022
Harika😇, gowy hudaya sukur ozun nahili gowmy?
ay_kiz_
26 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN, oglan diýip bilýän menä🤔

Gowumysyňyz?
sahyrlar_we_men
26 Iýun 2022
Salam hemma SSHB atly agzamyz oglanmy ya gyzmy? Kim bilya ady Sazada eken
ay_kiz_
26 Iýun 2022
Alfons, hmm bolýa minnetdar, gowy post👍😊😇
Relax
26 Iýun 2022
ArslanYazly,Harika😇, hova diñe ýokardaky ýazylanlarda bolýa öýdýän ýöne şondada kim bilýä
ay_kiz_
26 Iýun 2022
Samsunglaryň hemmesi däldirä?🤔 diňe ýokarda agzalanlar degişlimi? A30
ArslanYazly
26 Iýun 2022
A52 degisli daldira
Relax
26 Iýun 2022
Samsung ulanýanlar häzir boluñ !🔔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.