Aysona1997
26.06.2022 18:12

Ogurla meni!


Gel, bu hyýallamdan ogurla meni,

Gel, didäm, halas et meni özümden.

Ýogsam günäkäri özüň bolarsyň

Bu gubardan bölek-bölek bölünsem.



Peýläp ýörme tüm gijeden amaty,

Gel-de, süýr günortan ogurla meni.

Bu ogurlyk bilen amal edersiň

Dünýäniň iň uly dogrulygyny.



Hiç kim günälemez ogurlygyňy,

Men bolsa ömürlik alkyş okaryn.

Çünki şeýdip halas edersiň, dünýäm,

Bu kalby – gümürtik oýlaň mekanyn.



Gyr kökün bigerek ýaýdanjaňlygmyň,

Howsalamyň ýatan ýerin oýup git.

Al, baryny, ýöne ýekeje zady –

Enem üçin yhlasymy goýup git.




Agageldi ITALMAZOW
8
78
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
5 Iýul 2022
taýynlanyber🙃
Malikabahadur
26 Iýun 2022
Masyna sygyamy🤣🤣🤣🤣🤣
ideallider
26 Iýun 2022
Maşynyň bagažy bolýamy!?😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.