bismark
26.06.2022 11:21
pul hakynda 10 sany gyzykly maglumat:

Puluň ýerine ulanylan zatlar näme?
Taryhy ýazgylara görä, duz, ýer, çaý, hatda azyk önümleri hem puluň ýerine ulanylypdyr.

Pul haçan oýlanyp tapyldy? Jogaby: B.e. öňki VII asyrda Anadolydaky Sart akymynyň kenarynda ýaşaýan lidiýalylar demir teňňeleri ýasap başlapdyrlar.
Ilkinji ýatlama teňňesi haçan berildi?
479-njy ýylda Gadymy Gresiýa parslardan üstün çykandan soň, bu ýeňşiň hatyrasyna dolanyşyga girýän teňňäniň arkasyndaky nagyş üýtgedilýär we teňňäniň diametrini ulaltmak bilen taryhda belli bolan ilkinji ýadygärlik teňňesi çykarylýar.

Ilkinji kagyz pullary haçan ulanyldy?
Kagyzy oýlap tapan hytaýlylar, ilkinji kagyz pullary VI asyrda çap edipdirler.

Dünýädäki iň owadan teňňe haýsy?
«1000 Gazak Tenge» yzly-yzyna üç gezek dünýäniň iň owadan teňňesi hökmünde saýlanyldy.

Ilkinji bankomat nirede gurulypdyr?
Bu awtomatiki enjam 1967-nji ýylda Londonda ilat üçin hyzmat edip başlaýar.

Kagyz puluň çig maly näme?
Banknotyň çig maly, pagtanyň özenini ýapýan linterler diýilýän gysga süýümlerdir.

Dünýäde näçe sany walýuta bar?
Hazirki wagtda dünýäde ulanylýan walýutalaryň sany 170-den gowrakdyr.

Numizmatika näme?
Köne teňňeleri öwrenýän ylma «numizmatika» diýilýär.

«Bitcoin» ilkinji gezek haçan ulanyldy?
2010-njy ýylda.
7
120
Gbaglandym💜🔗
26 Iýun 2022
Like..
ay_kiz_
26 Iýun 2022
Gyzykly👏👏👏
Elsa❄
26 Iýun 2022
👏👏👏👏👏
bismark
26 Iýun 2022
Crazy,Internetden

Crazy,yalnys bolsa ayday duzedeyin
bismark
26 Iýun 2022
Crazy,Bilmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.