ylham_gurbanaly
25.06.2022 05:31
Senli geçen aňzak gyşy küýsedim
Çydap bilmän aýralygyň ýazyna
"Söýen ýarym,dolanmazmyň?!" diýsedim
Owaz goşup "Keçpelegiň" sazyna

Häli-şindi gyzaryp dur göwnümiň
Aýralykdan şarpyk iýen çekgesi
Käşgä umyt dörese-di gursakda,
Ykbal meni sen tarapa çeksedi

Astronomiýa-da üýtgäpdir sensiz...
Geçýän gün,deň däl ýigrim dört sagada
Içdäkilem şeýle agyr, hem deňsiz
Agyr düsjek, ol gojaman daga-da

Soňky döwür pikirlermiz bulaşdy
Garaz, şeýdip oňuşmadyk bol-telki
Tekepbirlik beýnimize çolaşdy,
Söýgümizi öldürenem şol belki


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
7
86
ylham_gurbanaly
26 Iýun 2022
Gussam, Salam.Gowmy
Gussam
26 Iýun 2022
YGurbanaly23, Ylham Agam 🙋🏻‍♀️😊!
ylham_gurbanaly
25 Iýun 2022
Zümerret🌺, onda bolýa;)

JemalSeyitniyazowa, like üçin post paýlaşamoga şuwagta çenli)
Gussam
25 Iýun 2022
Ajaýyp 👍
jemal_seyitniyazowa
25 Iýun 2022
Zümerret🌺, hakyky 🙃
jemal_seyitniyazowa
25 Iýun 2022
Teswir ýazybam like basmaýanlara men haýran🙃
kyyas2017
25 Iýun 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Shasoltan
25 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
ylham_gurbanaly
25 Iýun 2022
Zümerret🌺, sebäbi nämekä?)
ylham_gurbanaly
25 Iýun 2022
#öňkijelerden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.