❤❤❤Gülkäbe❤❤❤
25.06.2022 00:50
Beýik döwlet eziz ülke,doğduk depe atly mekan
Ählijesi seniň özüň Jan Watanym Türkmenistan!
Keremlidir ene toprak,keramatdyr mawy asman,
Edermendir ogul- gyzyň Jan Watanym Türkmenistan!


Öňe öne diňe öňe!- biziň beýik şygarymyz,
Parahatçylyk ýolunda rüstemdir gül Diýarymyz.
Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurymyz,
Sowulmazdyr bahar-ýazyň Jan Watanym Türkmenistan!


Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr,
Bagtyýarlyk hakykaty älem- jahana aýandyr,
Tenakar hem melhem bolup howa siňip ýaýraýandyr,
Ýer ýüzüne hoş owazayň,Jan Watanym Türkmenistan!


Dost- doganlyk mukamydyr sungatlaryň gönezligi,
Onuň juda inçeligi göze görünmezligi
Döwürleriň eýamlaryň ol mukaddes gözelligi,
Ebedidir aýdym sazyň,Jan Watanym Türkmenistan!


Gurbanguly Berdimuhammedow
10
69
mgm
31 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
31 Oktýabr 2022
Men bul goşgyny bilýän
kyyas2017
25 Iýun 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Shasoltan
25 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Aynashka
25 Iýun 2022
Jan Watanym Türkmenistan 😍😍😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.