Gussam
25.06.2022 00:15
Ýaz ýaňaklym, güýzüm ýaly sada sen,
Tomus mähriň gyş deý açar göwnümi.
Ýygrylsaň ýyldyrym urar dünýämi,
Ýylgyrsaň duýguçyl dünýäň göwrümi
giňän ýaly, gaýyp bolup gözýetim,
Ähli ýerde görerin men dideleň.
Ynan,ynanmasaň syna-da göräý,
Barkaň bagtym özge ýerden idemen.

Bir sen belet bir sen diýýän ýüregme,
Bir sen sebäp çemen eýlän güllerme.
Ökünmerin saňa soňsuz hat ýazyp,
Uky bilen öýkeleşen günlerme.

Gözüň ugratmasyn hiç ýere meni,
Eliň hoşlaşmasyn, bagtdan galgasyn.
Duşundan geçirip durmuş otlusyn,
Bagtymyz bihabar ýatyp galmasyn.

Ganmasyn gözlerim bakyp roýuňa,
Ygraryň sönmesin beren wadaňa.
Özüň sebäp munda meniň saglygma,
Saglygyňa meý guýsam-da badama.
Seniň bilen artar kalbymyň yşky
Sen bolaňsoň howlugamok bakyýa
Durmuş – adamlardan düzülen goşgy
Bu goşguda bir sen maňa kapyýa!

Mukam MUHAMOW.
8
83
ylham_gurbanaly
27 Iýun 2022
Gussam, şol bilen Sapany okaýan, şolar täsirli soňkulardan)
Gussam
27 Iýun 2022
YGurbanaly23, gowy ýazýar, menem gyzykdym 😊.
ylham_gurbanaly
27 Iýun 2022
Gussam, hawa bar, "Öwrümiň aňyrsynda" , almkaçy nesip bolsa ýakynda)
Poet
27 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
Gussam
25 Iýun 2022
GaýypgulyBaýramow, salam.
GaýypgulyBaýramow
25 Iýun 2022
Salam
Shasoltan
25 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
Gussam
25 Iýun 2022
YGurbanaly23, kitabyny çykarypdyrmy 🤔?
ylham_gurbanaly
25 Iýun 2022
Şunyňam goşgulary has gowy. Ýörite kitabyny almakçy)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.