Dusia
24.06.2022
Durmuş
44
1 705

Ýowuz durmuş hekaýasy...

Özüniň haýwanmy ýa-da ynsandygy bilinmän ýyllar boýy gözenekde saklanan, öňüne çig et we haýwan iýmitleri goýulan Petrus Gonzaliusyň hekaýasy.

Ezýet içinde geçen ykbalyny diňläp, onuň aslynda kim nähili şahs bolanlygy barada bileniňizde hasda geň galarsyňyz!

Mundan takmynan 500 ýyl ozal adatdan daşary çaga dünýä indi. Şol güne çenli hiç kimiň görmedigi bäbek dünýä gelipdi. Endamynyň ähli ýeri tüý örtülen bäbek, häzirki wagtda "gurt adam" sindromy bilen tanalýan gipertrikoz kesellidi.

Biziň ýyllar boýy tomaşa edýän "Disneý " multfilmleriniň sahna arkasyndakylaryň hyýaly zatlar däldigini görmek mümkin, olaryň düýbi hakykatlardan ybarat. 

Petrusyň ene-atasy bu ýagdaýdan ürkdiler elbetde, olar çäresizdi. Çagalygyny ýaşap bilmedik Petrus diňe jemgyýet tarapyndan däl, maşgalasy tarapyndan hem ýowuz dalanýardy. Muňa garamazdan ähli deň duşlaryndan üstün bir akyla eýedi. Maşgalasy tarapyndan köpçülikden gizlenmeklige çalyşan Petrus jemgyýet tarapyndan daşlar ýatdy, agyr kemsidilýärdi, hatda oňa şeýtan diýip adyny tutulýardy.  
      
        Öňüne çig et atylýarka maşgalasyna gelen bir teklip habary bilen Petrusyň ykbaly 180° üýtgäberdi. 1547-nji ýylda Fransuz karoly Genri ll-niň täç geýme şagalaňy golaýlapdy. Karol üçin bu ýatdan çykmajak gününde bir- birinden täsin sowgatlar berilmelidi. Emma sowgatlaryň arasynda öň asla görülmedik nusgadan bir sowgatdy. Ol kapasanyň içinde adama meňzeş gepleýän tüýli bir jandardy.

      Fransuz hökümeti karollarynyň bu geň sowgadyň göwnünden turjagyna we öý haýwany hökmünde besläp biljegi pikirine eýerip Petrusy maşgalasyndan satyn aldylar.
Maşgalasy tüýli jandardan dynandyklary üçin begenmänfem durmadylar.

     Täç geýdirme gününe çenli zyndanda tutulan Petrusy ýurduň ady belli professor doktorlary karolyň öňüne çykarylmazyndan öňinçâ gerekli saglyk öňüni alyş çärelerini gözden geçirmek üçin yzly yzyna zyýarat edýärdiler . Doktorlar zyndanyň golaýyna gelip ony bir taýagyň kömegi bilen dürtüp gördüler we Petronyň beren ynsan refleksleri sebäpli onuň haýwan däldigini subut etdiler.
      Ol uly şagalaň ýetip geldi we Karol Genri dünýäniň çar künjeginden gelen sowgatlary kabyl etmäge başlady. Uly zaldaky adamlaryň göreçleri bir nokada jemlendi. Hemme kişi bu jandaryň nämeligini çözmäge çalşyp goh baryny döredipdiler.

       Bu tüýli jandary garşysynda gören karol hem haýranlygyny gizläp bilmedi. Kapasanyň içinden ürkýän gözler bilen karola bakan Petrusyň karol hakyndaky gorkuly düşünjeleri az wagtdan soň üýtgedi. Çünki karol beýleki ynsanlardan tapawutlykda Petrusyň gözlerine bakanynda haýwan dälde gaty güýçli akyla eýe bolan ynsan çagasyny gördi. Karol sabyrlydy we şu güne çenli Petrusa hiç kimiň görkezmedigi hormaty görkezipdi. Petrus muny geň görýârdi, çünki ilkinji gezek özüne adam hökmünde garalypdy. Karol Petrusa ähli ylym bilimden paýyny berdi. Latynçany gowy bilýärdi, bu oňa birnäçe ylymlary özbaşdak öwrenmäge itergi beripdi.
Garaşylmadyk ölüm karol Genrini tapdy . Petrus ol wagt kämillik ýaşyndaky emma kämil bolmadyk, hemmäniň täsin göz bilen seredýän birisidi. Durmuşyndaky iň uly arkasy karoly ýitiripdi.

       Karolyň yzynda galan aýaly bardy emma gynandyryjy ýeri hem şonuň bolmagydy. Ketrin ýoldaşy Genri ýaly däldi we Petrusy ilki gören güninden bu ýana ýigrenýärdi.
      
        Ýoldaşyny ýitireninden uzak wagt geçmän kellesini gemirýän bir soragyň jogabyny tapmak isledi şa zenan.
Petrusy owadan görmegeý zenan bilen öýlendirip,olardan boljak çagalaryň sypatyny sabyrsyz görmäge garaşýardy.
Ol wagtlar karollar we şa zananlary köşgüň ilatynyň maşgala gurmak meselelerine garyşýardylar.
Şa zenany hyzmatçylarynyň gyzy öz atdaşy Ketrini Petrus bilen hile arkaly öýlendirdi. Ýaş gyz durmuşa çykma emirine geň galdy we kabul etdi. Şa zenany gyzyň nähili reaksiýa görkezjegini düşünmekden keýp alýardy. Gyza kim bilen durmuş gurjagyny öňünden aýtmandylar. Emma Ketrin ýoldaşy boljak petrusy göreninden ürksede, wagtyň geçmegi bilen onuň beýleki ynsanlardan tapawutlanýan içki dünýäsine mähri gitdi.
         Nikadan soňra iki çagalary boldy. Şa zenany haýran galdy, çünki çagalar kakalaryna meňzänokdy. Petrus bolsa çagalarynyň sagdyn dünýä gelenlerine begenipdi. Ýöne bu uzak dowam etmedi ilerleýän ýyllarda bularyň ýene dört çagalary boldy, olar Petrusa meňzeýärdiler. Şa zenany keýpihonlyk bilen aljyrañňy haldady, begenýärdi. Wagt geçdigiçe bu çagajyklar fransuz asylzada baýlary tarapyndan oýunjak halyna gelipdi.
       Şa zenany bu çagajyklary haýwan hökmünde görýärdi,muny ähli ýewropa görmeli diýip sirk hökmünde tutuş ýewropa aýlamagy buýrupdy. Bu dört çaga İtalýa asylzadalaryna hojalyk haýwany hökmünde berildi Ejeleri ketrin ir ýogalypdy çünki. Kakalary petrusyň haçan nä wagt,nirede ölenligi bilinenok, ýöne çagalarynyň hem kakasynyň ykbalyny ýaşanlygy gynandyryjy waka...
Ýowuz durmuş hekaýasy...

       Hakyky ýaşalan bir durmuş hekaýasyny okadyňyz. Muny okanyňyzda  meniň iň gowy görýän multfilimim Bella atly gyzyň durmuşy beýan edilýän "Gözel we Gorkunç" aklyňyza gelendir...Dogry bildiňiz bu multfilm Petrusyň ykbalyndan gözbaş alynyp ýazyldy... Bir tapawut multfilm gowy jemlemeler bilen gutarsa Petrusyň asyl hekaýasy wagşy ynsanlaryň sütemi bilen tamamlandy... Çünki olar asyl haýwanlar bilen günäsiz ynsanlaryň ornunyň çalşylan dünýäsinde ýaşadylar...


Çeşme: Tünjer Mereziň gözleglerinden ugur alyndy 
gaca
31 Iýul 2023
Gowy eken
okurgezer
11 Iýul 2023
Pinokkionyñ asyl hekayasy hem basgaca bolmaly
okurgezer
11 Iýul 2023
😢😢😢😢
D.S
19 Iýun 2023
Gyzykly eken
hhhh
19 Iýun 2023
😍😍😍
AýgülÝazweliýewa
24 Yanwar 2023
Geň zat...
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Mne nrawitsa😍
Myhman Myhman
9 Dekabr 2022
👌 waow
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Multikini beray gyzyklandym how
Maýa06
6 Oktýabr 2022
Gaty gyzykly eken. Ýöne so so sadly 🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.