ylham_gurbanaly
24.06.2022 01:37
Okar ýaly...

*****
Saňa bir aýdym ýazdym, söýgüliň bilen diňlär ýaly...   (Türk aýdymyndan)
*****

Seretmän hiç geçýän pasla
Şygyr ýazdym salyp waspa
Ýatlama ýatyrmaz asla
Geçmişiňe bakar ýaly

Getiren ylham joşuny-
Unutman göz-u-gaşyňy
Diledim her gözýaşyňy
Diňe bagtdan akar ýaly

Bar pikriňi serde jemle
Ýa bolmasa ýürek diňle
Adymy bir ýere belle
Ogluň bolsa dakar ýaly

Bolsakda bir ýürek, bir ten
Ne sen ýazykly, ne-de men
Geljegi öňden etdik çen
Her kim bagtyn çokar ýaly

Arzuwlarmy tüýt-müýt etmen
Del hyýala göwün sürtmen
Diňe bulut bolup ötmen
Bir gün güneş çykar ýaly

Ýalňyzlygy men çekerin
Gussa baga gam ekerin
Toýuňda oýnap bökerin
Garny doýan tokar ýaly

Kä yza, kä öňe ozdum
Yşgyň köçesinde tozdum
Indem şu goşguny ýazdym
Ýaryň bilen okar ýaly


Ylham GURBANALYÝEW
13
107
ylham_gurbanaly
24 Iýun 2022
Gussam,Zoluşka,Zümerret🌺, 😶😑
zolushka
24 Iýun 2022
Indem şu goşgyny ýazdym Ýaryň bilen olar ýaly😔
Gussam
24 Iýun 2022
Diledim her gözýaşyňy, diňe bagtdan akar ýaly 👍
ylham_gurbanaly
24 Iýun 2022
Harika😇, 😊😊😊😌
ay_kiz_
24 Iýun 2022
YGurbanaly23, haladym-da men bu sözi😊😇 post👌 söz ýok....
ylham_gurbanaly
24 Iýun 2022
Elsa❄, okanlarym we görenlerim okatdy meni)
Elsa❄
24 Iýun 2022
YGurbanaly23,siz edebiýatdan we türkmen dilinden gowy okan bolmaly 🧐
ylham_gurbanaly
24 Iýun 2022
Elsa❄, aý şonda-da şony bilýän az. Döwrümizde "Şahyr" men diýip ýören gaty köp. Gödegrägem bolsa aýtjak "Paňkelle" şolar. Ilkä goşgy gowy däl. Bar goşgy gowy bolanda-da, heý-de özüňe şahyr diýip bolarmy? Şoňa kelle işletmän, edebiýata, poeziýa ysnat getirip ýörler...
Elsa❄
24 Iýun 2022
YGurbanaly23, dogry pikir 🙂
ylham_gurbanaly
24 Iýun 2022
Elsa❄, aý ýene üstünde işlemeli, köp zähmet çekmeli. 2 goşgy ýazdym il tanady diýip, alaga-da özüne şahyr diýip bolmaýar. Ol ady götermäge-da gaýrat gerek)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.